Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 16-njy Dekabr
Resmi
Resmi habarlar 16-njy Dekabr
Çap edildi 16.12.2016
2200

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýerleşýän “Guwlyduz” kärhanasynyň çäginde ýylda 40 müň tonna ýodlaşdyrylan nahar duzuny we 2 müň 500 tonna gerdejik görnüşli tehniki duz öndürýän önümhananyň taslamasyny düzmek hem-de ony enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Dana gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we önümhanany 2017-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba we suw hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, läbik sorujylary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini 2017-2020-nji ýyllarda 3 tapgyrda Türkmenistana getirmek şertinde satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Umax Trade GmbH” kompaniýasy bilen şertnamalary baglaşmaga; Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada Şweýsariýa Konfederasiýasynyň “John Deere International GmbH” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we edaralaryň işine talabalaýyk gözegçilik etmändigi üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Toýlyýew Sapardurda käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, teleýaýlymlarda baýramçylyk konsertiniň talabalaýyk görkezilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmedowa Gülşat Sahyýewna käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, teleýaýlymlarda baýramçylyk konsertiniň talabalaýyk görkezilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň Medeniýet ministri Garajaýew Annageldä käýinç yglan edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, teleýaýlymlarda baýramçylyk konsertiniň talabalaýyk görkezilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Altaýew Maksat Ataýewiçe käýinç yglan edildi.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow