02.10
2019
Amerikan halkynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!
01.10
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem döwletiň içeri syýasatynyň wajyp wezipeleri bilen baglanyşykly hem-de birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.
01.10
2019
Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde Aşgabadyň merkezi boýunça pyýada gezelenç edip, onuň abadançylygyna hem-de bagy-bossanlyga öwrülmegine üns berdi.
01.10
2019
Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesine bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibine razylyk bermeli.
01.10
2019
Isgender Handurdyýewiç Mulikowy Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibine razylyk bermeli.
01.10
2019
Polisiýanyň general-leýtenanty Mulikow Isgender Handurdyýewiçi, işinde we garamagyndaky düzümlere ýolbaşçylyk etmekde goýberen düýpli kemçilikleri, gulluk ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanandygy hem-de wezipe borçlaryny gödek bozandygy üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşatmaly we ýörite adyny polisiýanyň maýory ýörite adyna çenli peseltmeli, şeýle hem ähli döwlet sylaglaryndan mahrum etmeli.
01.10
2019
Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
01.10
2019
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin:
01.10
2019
Annanepesow Mergennepes Nurnepesowiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri, garamagyndaky kärhanalarda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadyp, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesinden boşatmaly.
01.10
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we kommunikasiýa toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowyň üstüne ýüklenildi.