24.04 2020
Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
23.04 2020
Şu gün Döwlet daşary ykdysady iş bankynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Commerzbank AG» bankynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi.
23.04 2020
Şeýle hem şol gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary hanym Şamila Nair-Beduel bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda guraldy.
23.04 2020
Şu gün Milli bilim institutynda wideokonferensiýa görnüşinde Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanyň bilim ulgamyna goldaw» atly taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky duşuşygy boldy.
23.04 2020
Şu gün Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi, olara Hökümetiň agzalary, Mejlisiň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.
23.04 2020
Lebap atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň halypa çapyksuwarlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda Täçmyrat Dowulbaýew Perhat atly bedewde ýeňiş gazandy.
22.04 2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
22.04 2020
BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýene iki düzüminiň — Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy baradaky nobatdaky hoş habar gelip gowuşdy.
22.04 2020
Şu gün Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIÑ) wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
22.04 2020
Şu gün Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNÑTAD) arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
1488 sahypa
Soňky habarlar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar