Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilýän dabaralara badalga berildi
Jemgyýet
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilýän dabaralara badalga berildi
Çap edildi 23.04.2020
1267

Şu gün Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi, olara Hökümetiň agzalary, Mejlisiň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Dabaralar ir ertir bilen Lebap welaýat kitaphanasynyň döwrebap binasynda başlanyp, onuň giň eýwanynda kitap sergisi guraldy. Bu ýerde dünýäniň ençeme dillerine terjime edilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähim-paýhasyndan dörän eserler bilen tanyşdylar. Behişdi bedewlere bagyşlanan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplar şolaryň arasynda aýratyn orun eýeleýär. Bu eserler öz okyjylaryny behişdi bedewleriň türkmen halkynyň watançylyk we ynsanperwerlik duýgulary bilen berk baglydygyny beýan etmekde täsir galdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ahalteke bedewleri — milletiň buýsanjy, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň döreden maddy medeniýetiniň sungat eseri bolup durýar. Kitaphananyň maslahatlar zalynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň nemes, türk we arap dillerine terjime edilen neşirleriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naýthart Hýofer-Wissing, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Abdulaziz Al Haşimi bar. Diplomatlar türkmen Lideriniň görnükli eseriniň terjime edilmeginiň wekilçilik edýän ýurtlarynyň okyjylarynda uly gyzyklanma döredendigini bellediler. Munuň özi olara ahalteke bedewleriniň taryhy we häzirki ösüşi bilen tanyşmaga, Türkmenistanda atçylygyň ösüşiniň döwürleri barada köp zatlary bilmäge mümkinçilik berdi. Dabaranyň barşynda wideoaragatnaşyk boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katerina-Irena Ýakob çykyş etdi. Ol assosiasiýanyň döredilmeginiň gözelligi we ýyndamlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça türkmen seýisleriniň tejribesini giňden öwrenmäge ýardam edendigi barada gürrüň berdi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň baş sanyny Türkmenistanyň çäklerinden daşarda, şol sanda Germaniýada artdyrmak işinde uly orun eýeledi. Kitaphananyň eýwanynda 2020-nji ýylyň ýaz möwsüminde Ahal we Lebap welaýatlarynyň goraghana zolaklarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan tapyndylaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şol gymmatlyklaryň içinde eýerlenen atyň üstündäki oglanyň şekilini aňladýan syrçaly keramiki heýkeljik; iç ýüzüne bedew atyň şekili çekilen keramiki gabyň bölegi; hyýaly atyň çeper keşbi şekillendirilen hum küýzäniň bölegi hem-de toýundan ýasalan atyň heýkeljigi bar. Soňra baýramçylyk dabaralary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenabat şäheriniň günorta böleginde gurlan Lebap atçylyk sport toplumynda dowam etdi. Ol 2011-nji ýylyň aprelinde açyldy. Bu ýerde ýaz-güýz möwsüminiň atçapyşyklary yzygiderli geçirilip, olara toplumyň athanasynyň, şeýle hem edara-kärhanalaryň we şahsy hojalyklaryň bedewleri gatnaşýarlar. Şeýle hem toplumyň çäginde beýleki dürli çäreler geçirilýär. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda bu ýerde atçapyşyklarynyň täze möwsümine badalga berildi. Bu wakanyň öňüsyrasynda atçylyk toplumynda uly işler geçirilip, olaryň barşynda toplumyň desgalaryny — maslahatlar zaly bolan baş binanyň, tomaşaçylar münberiniň, çapuw ýodalarynyň, athanalaryň durkuny täzelemek, abadanlaşdyrmak işleri amala aşyryldy. Ýanaşyk ýerlerde bag nahallary oturdyldy, aýmançalar, güldanlar döredildi. Bu gün bu ýerde köp mähelleli baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan konsert maksatnamasyna laýyklykda giň meýdançada tanymal estrada artistleri, bagşylar, tans we döredijilik toparlary Garaşsyz Watanymyzy, halkymyzy hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Türgenler öz ussatlygyny görkezdiler, ýaş suratkeşler bolup geçýän wakalary şöhlelendirmäge çalyşdylar. Bu ýerde halk amaly-haşam sungatynyň önümleriniň uly sergisi ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk Aşgabatdan we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan atşynaslary, şeýle hem köp sanly myhmanlary bir ýere jemledi. Toplumyň tomaşaçylar münberi janköýerlerden doldy. Maksatnama laýyklykda jemi 8 sany atçapyşyklary geçirildi. Olaryň birinjisine ýurdumyzyň ähli sebitleriniň wekilleri — ýetginjek çapyksuwarlar gatnaşdylar. Üçýaşar bedewleriň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan bolan Daşgala atly bedew birinji bolup geldi. Soňra geçirilen atçapyşyklarynyň altysynyň her birine welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň çapyksuwarlary gatnaşdylar. Ahal welaýatynyň bedewleriniň arasynda pellehana ilkinji bolup, Bäherden etrabynyň Garaşsyzlyk daýhan birleşiginden Gülýaly atly bedew, Balkan welaýatynyň bedewleriniň arasynda welaýat Polisiýa müdirligine degişli Ýetmek atly bedew, Daşoguz welaýatynyň atlarynyň arasynda welaýat Polisiýa müdirligine degişli Gardaşym atly bedew geldiler. Lebap welaýatynyň bedewleriniň arasynda welaýat Polisiýa müdirligine degişli Keýmir atly bedew, Mary welaýatynyň bedewleriniň arasynda welaýat häkimligine degişli Edepli diýen bedew, Aşgabat şäherinden bedewleriň arasynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Gülýaka atly bedewi pellehana birinji bolup geldiler. Jemleýji sekizinji atçapyşygyna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen uly ýaşly we halypa çapyksuwarlar gatnaşdylar. Pellehana ilkinji bolup, Daşoguz welaýat atçylyk sport toplumyndan Perhat atly bedew gelmegi başardy. Baýramçylyk atçapyşyklarynyň ýeňijilerine baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Atçapyşyklary tamamlanandan soň, Lebap atçylyk sport toplumynda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň, Lebap welaýatynyň häkimliginiň wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Bu ýere ýygnananlar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen atçylygyny ösdürmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde berýän yzygiderli goldawy, ýurdumyzyň seýisleri barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Döwletimiz tarapyndan berkarar ýurdumyzda atçylyk pudagyny we atçylyk sportuny ösdürmek üçin ähli şertler we uly mümkinçilikler döredilýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ata Watanymyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň geçirilmegi halkymyzyň öz ajaýyp bedewlerine we olary ösdürip ýetişdirmek sungatyna çuňňur hormat goýýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýlip, aýratyn bellenildi.

Soňky habarlar
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi
27.11
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
27.11
Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly
27.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow