25.04 2020
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň arasynda geçirilen ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy boldy.
24.04 2020
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň X ýubileý mejlisi geçirildi. Bilelikde geçirilen mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
24.04 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän metjidinde mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde agzaçar sadakasyny berdi.
24.04 2020
Biz şu gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý mejlisini geçirýäris. Bilelikdäki mejlise ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny, welaýatlaryň häkimlerini, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryny we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryny çagyrdyk.
24.04 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap barýarka, ýolugra wise-premýer Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde bina edilen behişdi bedewlerimiziň heýkeliniň abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy.
24.04 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli pudagyň has tapawutlanan işgärlerine «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni, «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak hem-de «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.
24.04 2020
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
24.04 2020
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
24.04 2020
Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
24.04 2020
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk hem dünýä ýaýmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de Ýer ýüzünde atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, assosiasiýanyň agzalarynyň, şol sanda daşary ýurtly agzalarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, degişli daşary ýurtlaryň hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň birnäçesi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.
1488 sahypa
Soňky habarlar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar