Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmen-ýapon işewürlik gatnaşyklarynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Ykdysadyýet
Türkmen-ýapon işewürlik gatnaşyklarynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 22.04.2020
1285

Şu gün Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIÑ) wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn syýasaty alyp barýan Türkmenistan durnukly ösýän ykdysadyýetli ýurt hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň bölegi bolup durýar hem-de oňa üstünlikli goşulyşýar. Soňky ýyllarda ýurdumyz halkara gatnaşyklarda öz ornuny düýpli berkidýär, daşary ykdysady gatnaşyklaryň, şol sanda iri maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýa bilen köpugurly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti bilen hyzmatdaşlygy giňeltmeginde uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Ýokary derejede, hökümetara we pudagara derejelerde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar iki dostlukly döwletiň netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy ugur edinýändikleriniň subutnamasydyr, şol duşuşyklaryň her biri özara ynanyşmak ýagdaýynda geçýär we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça pikir alşylýar. Häzirki wagtda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet ösüş strategiýasy ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegine hem-de öňdebaryjy ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň, innowasiýa işläp taýýarlamalarynyň we nou-haularyň giňden herekete getirilmegine gönükdirilendir. Bu babatda biziň ýurdumyz ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagy hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagy ugur edinmek bilen, ýapon hyzmatdaşlarymyzyň maýa goýum işjeňligini goldaýar. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda toplanylan işewürlik gatnaşyklarynyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen belläp, degişli ikitaraplaýyn şertnamalaryň çäklerinde dürli ulgamlarda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň ýokary netijeliligini nygtadylar. Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen JBIÑ-niň arasynda nebitgaz toplumynyň, elektroenergetika we himiýa senagatynyň iri desgalarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, soňky ýyllarda gol çekilen karz ylalaşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Netijeli gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri barada onlaýn-pikir alyşmalar görnüşinde geçirilen wideoaragatnaşygyň barşynda Ýaponiýanyň bankynyň wekilleri täze ugurlarda taslamalar boýunça hyzmatdaşlyga ýokary gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmagyň mümkinçilikleri baradaky teklipleri öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, oba we suw hojalyk ulgamynda, hususan-da, sil akymlarynyň öňüni almak hem-de olary ilatly ýerlerden sowmak boýunça Ýaponiýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tejribesini ulanmak babatynda hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Şeýle hem nebitgaz we himiýa pudaklarynda geljekki hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. JBIÑ-niň wekilleri milli Liderimiziň ykdysady syýasatynyň netijeliligini belläp, Günüň dogýan ýurdunyň işewürler düzümleriniň hem-de maliýe edaralarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary geljekde hem ösdürmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Ýaponiýanyň bankynyň Türkmenistanyň Hökümeti we bank düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamaga, şeýle hem iri ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan taslamalaryň maliýeleşdirilmegine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri öndürýän öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda häzirki zaman önümçiliklerini döretmegiň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam berer. Şunuň bilen birlikde, JBIÑ-niň maýa goýumlaryny goýmak arkaly ýapon kompaniýalarynyň dürli pudaklarda işewürlik mümkinçiliklerini döretmäge hem-de döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge çalyşýandygy bellenildi.

Soňky habarlar
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow