05.05
2020
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen goňşuçylyk we dostlukly hyzmatdaşlykdan ugur alyp, şeýle hem özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanyp, Russiýa Federasiýasyna dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk nyşany hökmünde ýurdumyzda öndürilen önümleri bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
05.05
2020
Şu gün Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
05.05
2020
Şu gün sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen türkmen-eýran daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň çäklerinde däbe öwrülen dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
05.05
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesinden boşadyldy.
04.05
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.
04.05
2020
Ilki bilen, häzirki döwürde adamzadyň gabat gelen örän ýiti meselesine bagyşlanan şu ýokary derejedäki duşuşygy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Onuň Alyhezreti Ilham Geýdarowiç Aliýewe minnetdarlyk bildirýärin!
03.05
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2020 — 2021-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 159 374 sany kompýuteri satyn almak, 2020-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
02.05
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.
02.05
2020
Ýurdumyzda öndürilen azyk önümleri Türkmenistandan ugradylan ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna ýetirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde ýük ugratmak barada Buýruga gol çekdi.
02.05
2020
Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.