Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri
Çap edildi 02.05.2020
1764

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler («Türkmensenagat» eksport-import APJ) karbamid satyn aldylar. Tüýjümek önümler we nah ýüplük Russiýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň söwdalarynyň esasyny düzdi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 375 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Kanadadan, Şotlandiýadan we Ermenistandan gelen işewürler jemi bahasy 25 million manada golaý bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin ýokary dykyzlykdaky polietileni, («Türkmengaz» DK) pagta süýümini, gurluşyk serişdelerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 8 million709 müň manatlykdan gowrak boldy.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
top-arrow