07.05
2020
Şu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi. Maslahata telekeçiler, paýtagtymyzdaky käbir ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
07.05
2020
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Onda Hazar deňzi — Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek hakynda dört taraplaýyn hökümetara ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
07.05
2020
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin hem-de Dokma senagaty ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşleriniň bellenilen möçberlerini degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar berildi.
06.05
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
06.05
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
06.05
2020
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Tomas Greminger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda kanunçylyk ulgamyndaky özara gatnaşyklar hem-de halkara parlament guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy ara alyp maslahatlaşyldy.
06.05
2020
Täzelikleri alyşmak ulgamynda özara dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi hem-de “Belarus telegraf agentligi” Respublikan unitar kärhanasy diplomatik ýollar arkaly habarlary alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler.
05.05
2020
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
05.05
2020
Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belorussiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldawiýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň habarlar agentlikleri Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň öň ýanynda bilelikdäki taslamany – faşizme garşy göreşde ýeňijileriň gahryman nesline bagyşlanan fotosuratlar sergisini görkezýärler.
05.05
2020
Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlise gatnaşmaga Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň häkimleri, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.