Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
GDA ýurtlarynyň habarlar agentlikleri Beýik Ýeňşiň fotosuratlardaky taryhyny görkezdiler
Jemgyýet
GDA ýurtlarynyň habarlar agentlikleri Beýik Ýeňşiň fotosuratlardaky taryhyny görkezdiler
Çap edildi 05.05.2020
1641

Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belorussiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldawiýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň habarlar agentlikleri Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň öň ýanynda bilelikdäki taslamany – faşizme garşy göreşde ýeňijileriň gahryman nesline bagyşlanan fotosuratlar sergisini görkezýärler. Sergidäki fotosuratlaryň her biri umumy duşmana garşy göreşen halklaryň başyna düşen agyr külpetleriň, pidalar yzasynyň we Ýeňiş şatlygynyň, tyldaky zähmet gahrymançylygynyň subutnamasydyr. Beýik Ýeňşe goşant goşanlar ýylsaýyn azalyp barýar. Şonuň üçinem şol agyr döwür, pederlerimiziň mertebe bilen döz gelen kynçylyklary baradaky fotosuratlaryň ähmiýeti has-da gymmatlydyr, parahatçylykly bagtyýar durmuş üçin olara minnetdarlygymyzyň çägi ýokdur, olar hakydamyzda müdimi galar. Koronawirus pandemiýasy şu ýyl Beýik Ýeňiş baýramyna öz düzedişlerini girizse-de, bizi umumy taryhymyz we hakydamyz birleşdirýär, häzirki fotosuratlar sergisi-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Taslama hakda wideoşekillere şu salgyda syn edip bilersiňiz.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow