12.06
2020
Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel Fonteles bilen onlaýn görnüşindäki gepleşikleri geçirildi.
12.06
2020
Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga 5-nji iýunda başlan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany bilen şu gün Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem güýzlük bugdaý oragyna girişdiler. Möwsümiň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 29-njy maýda geçirilen mejlisinde ak pata berdi.
12.06
2020
Ýurdumyzda milli medeniýetimizi, mirasy öwrenişi, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatymyzy, telewideniýäni, radiony we medeni aň-bilim edaralaryny, metbugat we neşirýat ulgamyny ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi mynasyp derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi.
12.06
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär.
12.06
2020
Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň ajaýyp günlerinde giňden bellenýän Ylymlar güni, şeýle hem onlaýn-teleköpri arkaly geçirilýän «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
12.06
2020
Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan uly üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
11.06
2020
Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) administratorynyň orunbasary we BMGÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin edarasynyň direktory hanym Mirýana Spolýariç Egger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
11.06
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň hojalyk düzümini kämilleşdirmek, degişli athanany gurmak, gök-bakja ekinlerini, miweçiligi ösdürmek, şeýle hem bu düzümlere degişli dynç alyş-sagaldyş merkezini bina etmek üçin niýetlenen ýerler we degişli taslamalar bilen tanyşdy.
10.06
2020
Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerlerde durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.
10.06
2020
Ýakynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhedinde ýerleşýän «Sarahs — Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsini ulanmaga bermek dabarasy boldy.