Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar
Çap edildi 12.06.2020
849

Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel Fonteles bilen onlaýn görnüşindäki gepleşikleri geçirildi. Duşuşygyň barşynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşe gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagy bilen bagly meseleler, şeýle hem ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çygrynda Ýewropa Bileleşiginiň we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ileri tutulýan garaýyşlary beýan edildi hem-de türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň meýdançalarynda we beýleki köptaraplaýyn görnüşdäki gepleşiklerde öňe sürýän sebit hem-de halkara başlangyçlarynyň birnäçesi bellenilip geçildi.

* * *
Şu gün Nebitgaz toplumynyň merkezi edarasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz meseleleri boýunça orunbasarynyň Halkara energetika agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen onlaýn görnüşde duşuşygy geçirildi. Taraplar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gaz, nebit we energetika pudaklarynyň geljekki ugurlary barada bilelikdäki syny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem duşuşygyň barşynda halkara energetika bazarlaryndaky özgerişlikleri orta möhletleýin we uzak möhletleýin çaklamak, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalary we «ýaşyl» energetikany ornaşdyrmak, alternatiw hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatynda hyzmatdaşlyk boýunça okuwlary gurnamak arkaly işgärleri taýýarlamak boýunça tekliplere seredildi.
* * *
Şu gün DIM-de sanly wideomaslahat görnüşinde türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarymýyllyk syn beriş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga amerikan tarapyndan ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça orunbasary J.Henik gatnaşdy. Synyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň özara hereketleriniň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şol sanda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlar, şonuň ýaly-da, pandemiýa ýagdaýlarynyň durmuş-ykdysady ulgamyna ýetirýän täsirlerini ýeňip geçmek boýunça bilelikdäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda iki ýurduň syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn derejede hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary emele geldi. Mundan başga-da, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasynda döredilen С5+1 köptaraplaýyn özara hereketler görnüşinde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda diplomatlar Türkmen — Amerikan Işewürlik geňeşiniň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem garadylar. Koronawirus zerarly ýüze çykan häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, türkmen tarapy amerikan kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistanyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda şu ýylyň güýzünde wideomaslahat görnüşinde işewürler duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow