Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar
Çap edildi 11.06.2020
791

Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) administratorynyň orunbasary we BMGÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin edarasynyň direktory hanym Mirýana Spolýariç Egger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Sebit we tutuş dünýä üçin COVID-19 pandemiýasynyň täsiri hem-de ony aradan aýyrmak boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy howplara, hususan-da, koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşmekde syýasy-diplomatik gurallary ulanmak babatdaky başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy. Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny üpjün etmek baradaky meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň dürli meseleleri barada pikir alşyp, bu ugurda görülýän tagallalary utgaşdyrmagyň hem-de BMGÖM bilen degişli hyzmatdaşlyk meýilnamasyny taýýarlamagyň wajypdygyny aýtdylar. Taraplar saglygy goraýyş hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýratyn nygtadylar we BMG-niň Ösüş maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garadylar.

***
Şu gün Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, hususan-da, halkara guramalaryň ugry boýunça döwletara gatnaşyklaryň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda taraplar däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, ykdysadyýeti, söwdany, nebitgaz ulgamyny, telekommunikasiýalary, saglygy goraýşy, ylmy we bilimi, medeniýeti ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler. Diplomatlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini hem-de onuň ägirt uly kuwwatyna taraplaryň özara gyzyklanma bildirýändiklerini nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň aýratyn wajypdygyny nygtadylar, şeýle hem ýakyn geljekde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerine degip geçip, koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy durmaga aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä möçberinde COVID-19-yň ýaýramagyna garşy göreşmekde ylmy diplomatiýanyň gurallaryndan hemmetaraplaýyn peýdalanmak baradaky başlangyçlarynyň ähmiýeti we derwaýyslygy nygtaldy.
***
Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň hem-de wekilleriniň, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler, parahatçylyk gurujylyk we parahatçylyk döredijilik amallary meseleleri boýunça kömekçisiniň, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň, ÝHHG-niň Dawalaryň öňüniň alynmagy boýunça merkeziniň direktorynyň, şeýle hem halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda wideomaslahat geçirildi. Bellenilişi ýaly, sebit gatnaşyklarynyň şeýle görnüşi özüni sebit hem-de ählumumy derejelerinde bilelikdäki işiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança hökmünde görkezdi. Çykyşlarda Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli daşary syýasy strategiýany amala aşyrýan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda goňşy döwleti dikeltmek we onuň durmuş-ykdysady düzümini gaýtadan dikeltmäge ýardam bermek boýunça halkara tagallalara mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygy nygtaldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň çökgünlikden soňky döwür üçin garaýyşlarynyň syny duşuşygyň meseleleriniň biri boldy. Şeýle hem BMG-niň, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we beýleki ýöriteleşdirilen düzümleriň sebit tagallalaryndaky orny baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji işewürlik sammitindäki çykyşy
16.09
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri dabaraly açyldy
16.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Mek­si­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Prezidentini gut­la­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türk­men-ko­reý işe­wür­lik mas­la­ha­ty­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li mej­li­sin­dä­ki çykyşy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Milli As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy bi­len du­şuş­dy
15.09
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bi­len du­şuş­dy
top-arrow