15.06
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady.
15.06
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde, häzirki zaman talaplaryna we amatlylyk derejelerine, hyzmatyň ýokary ülňülerine laýyk gelýän täze dynç alyş zolagy ilkinji myhmanlary kabul edip, işe başlady.
15.06
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
15.06
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň demirgazygyndaky kölüň kenarynda häzirki zaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu zolakda ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmak, kölüň kenaryny dynç almak üçin iň amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň demirgazygyndaky köl «Altyn köl» diýlip atlandyryldy.
13.06
2020
Ir säher bilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda ýurdumyzyň Harby akademiýasynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy boldy.
13.06
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.
13.06
2020
Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwlet özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy ygtybarly goramagy üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz, zähmet ýoluna we gulluga gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
12.06
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
12.06
2020
Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanda däp boýunça guralýan «Berkarar dö-wletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahat şu ýyl onlaýn görnüşde geçirilýär — foruma gatnaşyjy köp sanly daşary ýurtlular oňa wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşýarlar.
12.06
2020
Şu gün şanly sene — Ylymlar güni mynasybetli Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Bu bäsleşik Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan bilelikde guralýar.