09.06 2020
Şu gün Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.
09.06 2020
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň (ÝHHG PA) Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň wekilleri bilen geçiren wideoduşuşygyna gatnaşdylar.
08.06 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýunda geçirilen mejlisinde şu aýda ýurdumyzyň welaýatlarynda sapar bilen bolmagyň, ýerlerde galla oragynyň alnyp barlyşyny görmegiň, kabul edilen durmuş maksatnamalarymyzyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.
06.06 2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 76-sy hasaba alyndy.
05.06 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy.
05.06 2020
Daşary işler ministrliginde Sankt-Peterburg şäheriniň hökümetiniň agzasy — Daşary aragatnaşyklar komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew bilen onlaýn gepleşikler geçirildi. Duşuşyga şeýle hem senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow gatnaşdy.
05.06 2020
Şu gün oba hojalyk toplumynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
05.06 2020
Ýurdumyzda 5-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 29-njy maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen ekerançylara zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 12-nji iýunda goşularlar.
05.06 2020
Gulgeldiýew Daýanç Ýaranowiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri wezipesinden boşatmaly.
05.06 2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Gulmyrat Nurmyradowiç Agamyradowyň üstüne ýüklenildi.
1486 sahypa
Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler