07.08
2020
Şu gün, zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreisus bilen wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk geçirdi.
06.08
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda we başlangyjy boýunça Türkmenistanda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.
05.08
2020
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
05.08
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Auna Beýrut şäheriniň portunda bolup geçen partlama netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi.
05.08
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryna we türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerine bagyşlanan täze kitabyny ýazyp tamamlady.
04.08
2020
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen neşir halkymyzyň ruhy mirasyny öwrenmegiň netijeleri we açyşlar baradaky makalalaryň toplumyny çap etmegi dowam edýär.
04.08
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarynda ýardamlary hem-de halkara derejede hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda möhüm halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.
01.08
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Onuň Alyjenaby, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdul-Aziz Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
01.08
2020
Ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr.
01.08
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan iň gowy dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy, häzirki zaman iş tejribesini öwrenmegi talap edýär. Şu talaplardan hem-de milli ösüş maksatnamalarynda kesgitlenilen degişli wezipelerden ugur alnyp, döwlet durmuşyny we pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň aýgytly ugry işlenilip düzülýär.