Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 04.08.2020
1129

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş we ynsanperwer ugurlarynda ýardamlary hem-de halkara derejede hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda möhüm halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Daşary işler ministrligine Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömek hökmünde iberiljek lukmançylyk enjamlarynyň iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmek, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bolsa ähli ýardamlary bermek tabşyryldy.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow