Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty
Ykdysadyýet
Täze neşiriň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty
Çap edildi 05.08.2020
1668

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna bagyşlanan, türkmen ýangyç-energetika toplumynyň (ÝET) ösüşiniň esasy ugurlaryny we meýillerini şöhlelendirýän ýöriteleşdirilen neşirde ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynyň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlan anyk wezipeleriň nähili çözülýändigi barada gürrüň berilýär. Žurnalyň sahypalarynda esasy hünärmenleriň pikirleri, häzirki ýagdaýyň seljermesi, çaklamalar, statistika we maglumatlar bilen tanyşmak bolýar, iň täze tehnologiýalar we häzirki zaman enjamlary, türkmen alymlary tarapyndan alnyp barylýan barlaglar barada bilmek bolýar. Mysal üçin, täze sanda tebigy gazy gaýtadan işlemegiň innowasion usullary, uglewodorodlary çykarmak, özleşdirilmesi aýratyn çylşyrymly häsiýetlendirilýän känleri we gatlaklary özleşdirmek boýunça ulanylýan kämilleşdirilen tärler hakynda makalalar çap edildi. Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen netijeli başlangyçlar, olary durmuşa geçirmek babatynda alnyp barylýan iş ýüzündäki ädimler, tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň depginli ösüşi, halkara kadalara laýyk gelýän milli kanunçylyk we anyk taslamalar bilen berkidilen oňyn maýa goýum ýagdaýy — bularyň ählisine žurnalyň sahypasynda dürli jähetlerde seredilip geçilýär. Türkmen uglewodorodlaryny dünýä bazarlaryna ibermegi mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak esasy temalaryň biridir. Türkmenistan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda maksada okgunlylyk esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iri möçberli taslamalaryň birnäçesini işläp düzmek bilen köp görnüşli gaz geçiriji ulgamy döredýär. «Hemişelik Bitaraplyk ýoly — parahatçylygyň we ösüşiň ýoly» we «Energetika we halkara gatnaşyklar» atly makalalar şu meselelere bagyşlanandyr. Türkmenistanyň köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze görnüşleriniň ýangyç-energetika pudagynyň binýadyny düzýändigi kanunalaýykdyr. Uglewodorod ýangyjyny çykarmagyň we daşary ýurtlara ibermegiň möçberlerini artdyrmak boýunça tagallalary güýçlendirmek bilen birlikde, türkmen döwletiniň nebiti we gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek boýunça netijeli çäreleri geçirýändigini, bu wezipeleri iň ýokary tehnologiýa derejesinde çözýändigini bellemek gerek. Türkmenistan ÝET-niň kuwwatyny yzygiderli artdyrýar, muňa bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ornaşdyrylýan innowasiýalar, öňden bar bolan we ýurdumyzyň geologlary tarapyndan açylýan türkmen topragynyň goýnundaky ägirt uly uglewodorod gorlary ýardam edýär. Ýurdumyzyň bu ulgamdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirip, uglewodorodlary gaýtadan işlemegiň hem-de daşary ýurtlara ibermegiň möçberlerini yzygiderli artdyryp, gürrüňsiz, dünýäde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça meseleleri çözmäge özüniň düýpli goşandyny goşýar. «Türkmenistanyň şaly şulhasyny karbonirlemek arkaly aktiwirlenen kömri almak» atly makala diňe bir hünärmenlerde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem gyzyklanma döreder. Makalanyň awtory ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň daşary ýurtlara ibermäge we daşary ýurtlardan getirilýän önümiň ýerini tutmaga niýetlenen taslamasy barada gürrüň berýär. Şalyny gaýtadan işlemekden galýan galyndy ýaly şeýle çig maly işlemekde sorbenti almagyň göz öňünde tutulýan bu usulynyň durmuşa ornaşdyrylmagy daşary ýurtlardan aktiwirlenen kömri satyn almak boýunça çykdajylary azaltmaga, şeýle hem daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamaga düýpli ýardam eder. Şeýle sorbent nebitgaz ulgamynda, oba hojalygynda, metallurgiýada we beýleki pudaklarda üstünlikli ulanylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň täze usullarynyň gözlegi, Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşiniň depgininiň güýçlendirilmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, ilkinji nobatda, onuň esasy pudaklarynyň öňünde goýan giň möçberli we toplumlaýyn wezipeleri bilen şertlendirilendir. ÝET-niň mundan beýläk-de durnukly ösdürilmegi ýurdumyzyň nebitgaz döwleti hökmündäki dünýä derejesindäki abraýynyň tassyklanylmagyna we ornunyň berkidilmegine ýardam eder.

Soňky habarlar
14.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.11
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi
14.11
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistan ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ilerledýär
13.11
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
13.11
Türkmenistanda Niger Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
13.11
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy
12.11
Türkmenistanyň Prezidenti Irlandiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
12.11
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
top-arrow