19.12
2020
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň we Owganystan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, suwuklandyrylan gazy we awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen ownuk däneli hlorly kaliý Russiýa Federasiýasynyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
18.12
2020
Hormatly Şawkat Miromonowiç!
Hormatly döwlet Baştutanlary!
18.12
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.
18.12
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Beşerow Begli Hezretgulyýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadydy.
18.12
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyza edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak, paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek, şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, ätiýaçlyk şaýlaryny, zir-zibil gutularyny we konteýnerlerini satyn almak barada Şweýsariýa Konfederasiýasynyň “ITS Investment & Trading Services AG” kompaniýasy bilen şertnamany olary 2021-nji ýylyň awgust aýyna çenli getirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
17.12
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly aragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
17.12
2020
Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Baş direktory Werner Lipagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi, onuň barşynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
17.12
2020
Ýurdumyzyň ilatynyň asuda we howpsuz durmuşyny ýokary derejede üpjün etmek hem-de adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy.
16.12
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Arslan Sylapberdiýewiç Eýeberdiýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň başlygy wezipesine bellenildi.
16.12
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.