Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 119-sy hasaba alyndy.
Ykdysadyýet
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 119-sy hasaba alyndy.
Çap edildi 19.12.2020
1766

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň we Owganystan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, suwuklandyrylan gazy we awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen ownuk däneli hlorly kaliý Russiýa Federasiýasynyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Kataryň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 22 million 929 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Kataryň, Hindistanyň, Gazagystanyň we Ermenistanyň işewürleri umumy bahasy 38 million 903 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 47 million manatlykdan gowrak polipropileni, el halylary we plastik önümleri satyn aldylar.

Soňky habarlar
09.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
09.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna gynanç bildirdi
09.04
Resmi habarlar
08.04
Melhemler mekanynyň paýtagty
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
08.04
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen täze dikuçaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy