06.04 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nguen Suan Fuka Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.


06.04 2021

 Astrahan welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň biziň sebitimize koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde beren kömegi üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

06.04 2021

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2-nji derejeli ýurist Agamyrat Italmazowiç Abdyllaýew Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

05.04 2021

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady.

05.04 2021

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

05.04 2021

2021-nji ýylyň 5-nji aprelide Bütindünýä banky we Halkara Pul Gaznasy tarapyndan her ýylda geçirilýän ýazky maslahatlaryň çäklerinde Halkara Pul Gaznasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Departamentiniň guramagynda Kawkaz, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Merkezi Banklarynyň we Maliýe ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly däp bolan kollegial pikir alyşmalary gurady.

03.04 2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.

02.04 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.

02.04 2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugynyň esasynda özara hormat goýmak we özara kömek bermek ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwerlik ýüküni ugratdy.

01.04 2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýanyň esasy maksady dünýäniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary hem-de abraýly halkara guramalar bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde jemlenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzyň ak mermerli paýtagty—şu ýyl 140 ýyllygyny giňden belleýän Aşgabat ençeme gezek halkara maslahatlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şol maslahatlaryň gün tertibine döwrüň möhüm meseleleri girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň dünýädäki belent abraýynyň, oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugrunyň giňden goldanylýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

1473 sahypa
Soňky habarlar
09.05
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY