Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 02.04.2021
3778

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde durmuş-ykdysady görkezijiler, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek hem-de ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça görülýän netijeli çäreler barada hasabat berdi.

Welaýatda ýeralmanyň we soganyň ýokary hasylyny almak boýunça degişli çäreler görülýär. Ýazky bag ekmek möwsüminiň çäklerinde nahallary oturtmak hem-de pile öndürmek boýunça meseleleri netijeli çözmek babatda degişli çäreleriň görülýändigi bellenildi.

Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy hem-de düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Şeýle hem häkim welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň barşyny, daýhanlaryň zerur serişdeler bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz gowaça ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ýokary öndürijilikli işledilmegini üpjün etmek meselelerini çözmek boýunça görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmaga we bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns bermegiň, şu maksat bilen welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Welaýatda pile öndürmek möwsümine doly taýýarlyk görmek hem-de kärendeçi ýüpekçiler üçin ähli şertleri döretmek wajypdyr.

Milli Liderimiz şonuň bilen birlikde, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi, bu ugurda maldarlarymyz üçin ähli zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli sebitde açylyp, ulanylmaga beriljek medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatyň häkimine anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde işleriň ýagdaýy, agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýan gowaça ekişiniň gidişi barada hasabat berdi.

Welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň depginini güýçlendirmek boýunça çäreler görülýär, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üpjün etmek üçin degişli işler geçirilýär.

Pile öndürmek hem-de maldarlara talabalaýyk şertleri üpjün etmek boýunça işleriň meýilnamasy, ýazky bag ekmek möwsüminiň barşy barada-da hasabat berildi.

Hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça görülýän çäreler hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylyp, ulanylmaga beriljek medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň oba hojalyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň agrotehniki talaplara doly laýyk gelmelidigini hem-de ýerli toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, ylmyň gazananlarynyň ulanylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişiniň depgininiň güýçlendirilmelidigine ünsi çekip, bu işiň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýokarda görkezilen ähli talaplary ýerine ýetirmek bilen, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegiň, bu ugurda maldarlarymyz üçin ähli zerur şertleri döretmegiň wajypdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz pile öndürmek möwsümine doly taýýarlyk görmek, bu ugurda bellenen meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, ýüpekçiler bilen şertnamalary öz wagtynda baglaşmak hem-de ýazky bag ekmek möwsümini öz wagtynda tamamlamak we baglara ideg etmek bilen baglanyşykly wise-premýere hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäginde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesinde öz wagtynda tamamlanmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli olaryň açylyş dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, gowaça ekişiniň geçirilişi hem-de bu möhüm işde tehnikalaryň ulanylyşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň depginini güýçlendirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy. Gök-bakja önümleriniň, ýeralmanyň, soganyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak üçin zerur çäreler görülýär.

Hasabatyň çäklerinde dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek, bu babatda maldarlar üçin ähli zerur şertleri döretmek, köpçülikleýin bag ekmek möwsümini üstünlikli geçirmek hem-de welaýaty mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hem aýdyldy.

Häkim eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş-medeni hem-de önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň depgini barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitiň toprak-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz bugdaýa ideg etmek boýunça möwsümleýin çäreleri ýokary hilli hem-de agrotehniki talaplara laýyklykda ýerine ýetirmegi, gowaça ekişini öz wagtynda geçirmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga aýratyn üns berilýändigini belläp, ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýazky bag ekiş baradaky meseleleriň üstünde durup geçip, E.Orazgeldiýewe hem-de häkime ýazky möwsüm üçin meýilleşdirilen bag nahallarynyň gysga wagtda ekilmegini üpjün etmegi hem-de olara talabalaýyk ideg edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmeli. Bu ugurda maldarlarymyz üçin ähli zerur şertleri döretmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Pile öndürmek möwsümine doly taýýarlyk görmek, kärendeçi ýüpekçileriň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi boýunça bellenen işler bilen baglylykda hem degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny hem-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde meýilleşdirilýän işleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyny nygtap, Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşyklaryny ýokary hilli hem-de bellenen möhletinde tamamlamagyň wajypdygyny aýtdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ekerançylyk ýerlerinde geçirilýän işler, gowaça ekişiniň barşy hem-de bu möwsümde oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ulanylyşy, ekiş möwsümine gatnaşýanlaryň sazlaşykly zähmet çekmegi üçin döredilen şertler barada hasabat berdi.

Şeýle hem sebitiň bugdaý ýetişdirilýän meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy barada aýdyldy. Dänäniň bereketli hasylyny almak we azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin bugdaý ösdürilip ýetişdirilýän ýerlerde goşmaça mineral dökünleri berilýär, ösüş suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ýazky görnüşlerine ideg etmek boýunça tagallalar edilýär.

Bag nahallaryny ekmek möwsüminiň alnyp barlyşy hem-de ekilen nahallara ideg edilişi, şeýle hem owlak-guzy we köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen maldarlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin döredilen şertler, pile öndürmek möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek işleri barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pagtaçylyk pudagynyň sebitiň ykdysadyýetinde hem-de dokma senagatynyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýändigini belledi. “Ak altynyň” geljekki bereketli hasyly ekişiň hiline baglydyr, şoňa görä-de, ekişi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli tagallalaryň berjaý edilmegi zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ilkinji nobatdaky wezipeleriň birnäçesine ünsi çekip, ýetişdirilýän güýzlük bugdaýa, gök we bakja ekinlerine, ýeralma we beýlekilere ýokary hilli ideg etmek meselelerine jogapkärli çemeleşmelidigini belledi.

Sebitiň ekologiýa abadançylygyny hem-de türkmen tebigatyny baýlaşdyrmaga gönükdirilen bag nahallarynyň ýazky ekişiniň bellenen wagtynda tamamlanmagyna degişli birnäçe tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçi ýüpekçileriň pile öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmegini talap etdi.

Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça möwsümi ýokary derejede geçirmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de häkime bu pudagyň zähmetkeşleri üçin hemme şertleri döretmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sebitde möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda, öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekip, wise-premýere hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklaryna yzygiderli üns berilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde şanly seneler mynasybetli açylmagy meýilleşdirilen täze desgalardaky işleriň ýagdaýyny hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şolardaky işler bellenen tertibe pugta laýyklykda, ýokary hilli hem-de ekologiýa taýdan howpsuz serişdeleriň ulanylmagy bilen ýerine ýetirilmelidir.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew gowaça ekişiniň barşy we bu jogapkärli möwsümde ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalary doly kuwwatynda ulanmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şu günler bugdaý ýetişdirilýän meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda, maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri amala aşyrylýar, ösüş suwy tutulýar.

Şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan beýleki möwsümleýin işler, şol sanda ýeralma, sogan we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.

Sebitde bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsüminiň alnyp barlyşy we ekilen ýaş nahallara ideg edilişi, owlak-guzy we köşek almak möwsümi hem-de ýüpekçilik bilen meşgullanýan daýhanlara zerur mümkinçilikleriň döredilişi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gymmatly ekiniň ekişiniň bellenen möhletlere laýyklykda guralmagynyň we soňra agrotehnikanyň görkezmelerine laýyk derejede gowaça ideg edilmeginiň bereketli “ak altyn” hasylyny almagyň girewidigini belläp, gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmek üçin tagalla etmegiň zerurdygyny we şunuň bilen baglylykda, ähli agrotehniki çäreler öz wagtynda ýerine ýetirmelidigini aýtdy hem-de döwrebap oba hojalyk tehnologiýalaryny we ugurdaş ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagyň esasynda pagtaçylyk we däneçilik pudaklarynyň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz ilaty dürli azyk önümleri bilen doly möçberde üpjün etmegiň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy wezipesidigini belläp, bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatyň häkimine anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bag nahallaryny ekmegi bellenen möhletde tamamlamak hem-de ozal bar bolan baglara ideg etmek we pile öndürmek bilen bagly meseleleri üns merkezinde saklamagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy we köşek almak möwsümini ýokary derejede amala aşyrmagyň zerurdygyny aýdyp, bu pudagyň zähmetkeşleri üçin hemme şertleri döretmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine yzygiderli üns berilmelidigini nygtap, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletinde ýokary hilli tamamlamagyň möhümdigini aýtdy.

Milli Liderimiz iş maslahatyny dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi. Wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, welaýatlarda gurulýan desgalarda işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň özgerdilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň şu günüň möhüm wezipesidigini belledi. Munuň özi oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.

Gahryman Arkadagymyz obasenagat toplumynyň kuwwatlyklarynyň doly herekete getirilmeginiň zerurdygyny nygtap, oba hojalyk ekinlerine bellenilen möhletlerde göwnejaý ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Ýaş agaç nahallarynyň ösüşine yzygiderli gözegçilik etmek gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän ýylda sebitlerde meýilleşdirilen ähli çäreler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelmelidir diýip, öňde goýlan möhüm wezipeleri oňyn çözmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow