18.04 2021

Şu gün – mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi.


18.04 2021

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, Türkmenistanyň adalat edaralarynda berilýän hukuk kömekleriniň hilini ýokarlandyrmak babatynda berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň adalat edaralary tarapyndan birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynda habar berilýär.

17.04 2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn bitaraplygyň ýцrelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp цsüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy цsdürmäge gцnükdirilen цňdengцrüjilikli, täzeçillik syýasaty türkmen dцwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli цsdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

17.04 2021

Şu gün ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi.

17.04 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

17.04 2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.


17.04 2021

On April 16, during the 59th meeting of the 75th session of the UN General Assembly, at the initiative of Turkmenistan and with the co-authorship of 72 UN member states, the Resolution "The Role of the United Nations Regional Center for Preventive Diplomacy for Central Asia" was unanimously adopted.

16.04 2021

Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi.

16.04 2021

Biz şu gün Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisini geçirýäris. Men siziň ähliňizi bu mejlisiň geçirilmegi, Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

16.04 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etmelidir.


1473 sahypa
Soňky habarlar
09.05
Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY