Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
Ykdysadyýet
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
Çap edildi 17.04.2021
6069

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Kipriň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, polipropileni, uçar kerosinini, nebit bitumyny dizel ýangyjyny satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň täjirleri ECO-93 “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen awtobenzini, Russiýanyň telekeçileri bolsa polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, gidroarassalanan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 31 million 236 müň dollaryndan gowrak boldy.

Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Ermenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 3 million 765 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 63 million 144 müň manatlykdan gowrak plastiki paddonlary, pagta-süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
14.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy
14.09
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen
14.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy
14.09
Parlamentara Hyzmatdaşlygy ilerledip
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
top-arrow