Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanda ählihalk ýowary geçirildi
Syýasat habarlary
Türkmenistanda ählihalk ýowary geçirildi
Çap edildi 17.04.2021
1815

Şu gün ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde geçirilen bu çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Ýurdumyzda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek hem-de bar bolan baglara degişli derejede ideg etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ynsan saglygy üçin ýakymly howa gurşawynyň döredilmegine ýardam edýär.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýowaryň geçirilýän ýerine geldi.

Bu gün dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň hatarynda öz ornuny berkidýän Aşgabat bagy-bossanly şäher hökmünde ykrar edildi. Diýarymyzyň baş şäheri we onuň töwerekleri hemişe gök öwüsýän tokaýlyklar bilen gurşaldy. Munuň özi bu künjekleriň ýokary ekologiýa derejesini üpjün edýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy aprelde, şenbe güni Aşgabadyň 140 ýyllygy we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş işlerini geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, binagärlik maksatnamasynda, daşky gurşawy goramakda, şäheriň bezeg aýratynlyklarynda milli ýörelgelere aýratyn üns berilýär. Şol bir wagtyň özünde bu ýörelgeler häzirki zamanyň tejribelerine laýyklykda ösdürilýär.

Arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň geçirilýän ýerinde çäre mahalynda ulanyljak gurallaryň köp görnüşleri goýlupdyr. Bu ýerde bag nahallaryna timar bermek üçin niýetlenen gurallar, suwaryş ulgamyna degişli serişdeler, baglaryň düýbüni agartmakda ulanylýan enjamlar görkezilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ekilen bag nahallaryna agrotehniki talaplara laýyk derejede ideg edilmegi olaryň sazlaşykly ösüşini we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, paýtagtymyzyň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň, seýilgähleriň çäkleriniň giňelmegini üpjün edýär.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteklerinde pürli hem-de saýaly agaç nahallaryndan ybarat tokaý zolaklarynyň çägi barha giňeýär. Munuň özi bu ýerlerde ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýar hem-de arassa howany üpjün edýär.

Bu gün ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy ýaly wajyp wezipe üstünlikli çözülýär. Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, mähriban Diýarymyzda Milli tokaý maksatnamasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Muňa ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň töwereklerinde, awtoulag we demir ýollarynyň ugrunda, derýalaryň, akabalaryň kenarlarynda döredilýän gök zolaklar hem şaýatlyk edýär.

Şäheriň gaýtalanmajak binagärlik çözgüdi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen binalary paýtagtymyzyň baş bezegine, halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde ak mermerli Aşgabadyň özi hem bu abraýly kitapda mynasyp orun eýeledi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi babatda jogapkärli çemeleşmeleri öňe sürýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Aziýanyň merjeni hasaplanylýan Aşgabadyň günorta künjegindäki döwrebap binalar dag etekleriniň ajaýyp tebigaty bilen sazlaşýar.

Köpçülikleýin ýowar çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekilen bag nahallaryna ideg edip başlamagy bilen badalga berildi.

Döwlet Baştutanymyz baglaryň artykmaç şahalaryny kesişdirdi, has uzyn çybyklaryň ujuny çyrpdy. Bagbançylygyň esasy usullarynyň biri bolan bu iş baglaryň hasyllylygyna oňyn täsirini ýetirýär.

Çärä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag nahallaryna ideg etmek işlerine girişdiler.

Çärä gatnaşyjylaryň arasynda köp sanly talyplaryň bolmagy ösüp barýan ýaş nesilleriň okuwlaryny zähmet bilen utgaşdyrmagy, ene topraga, gözel Diýarymyzyň tebigatyna söýginiň has-da berkidilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň möhüm ugur hökmünde kesgitlenendigini aňladýar. Munuň özi paýhasly pederlerimiziň döreden asylly ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Şunuň ýaly asylly işler ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gowulandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, Diýarymyzda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasyna möhüm ähmiýet berilýär, däbe görä, ýaz we güýz pasyllarynda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça wajyp möwsüm guralýar. Bu işe ähli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň hem-de şäherleriň häkimlikleriniň, medeni ojaklaryň, bilim edaralarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Olaryň birleşen tagallasy netijesinde, her ýylda millionlarça düýp bag nahaly ekilýär, şeýlelikde, tokaý zolaklarynyň çäkleri giňeýär. Tokaý zolaklaryna, seýilgählere we her düýp baga ideg etmek işlerine möhüm ähmiýet berilýär.

Bu günki çärä gatnaşyjylaryň agzybirlikli tagallasy netijesinde, bag nahallaryna ideg işleri ýokary derejede geçirildi. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen başy başlanýan asylly işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Bu gün Diýarymyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzyň töwereklerinde pürli, saýaly we miweli baglardan ybarat bolan tokaý zolaklarynyň eýeleýän meýdany barha artýar. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda üzümçiligiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, häkimliklerde, bilim edaralary ýörite kesgitlenen ýer böleklerinde seýilgäh zolaklaryny döretmek, saýaly we miweli bag nahallaryny, üzümleriň dürli görnüşlerini ekmek meselesine aýratyn üns berilýär.

Tokaý zolaklarynyň çäginiň giňemegi olara degişli derejede ideg işleriniň ýola goýulmagyny talap edýär. Ýurdumyzyň ilaty, aýratyn-da, ýaşlar bag nahallaryna ideg etmäge toplumlaýyn we ylmy taýdan esaslandyrylan usulda çemeleşýärler. Bu bolsa işleriň agrotehniki talaplara laýyk gelmeginde aýratyn möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bag nahallaryna ideg etmek işlerini tamamlap, egindeşleri bilen bu işleriň tutuş ýurdumyzda geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler babatda pikir alyşdy. Bellenilişi ýaly, bu gün milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda degişli işler kesgitlenen kada laýyk alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň esasy şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny, ekologiýa wezipelerini amala aşyrmak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.

Soňky habarlar
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
top-arrow