Şu gün hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.
Daşary işler ministrliginiň çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň şu ýyldaky birinji sany çapdan çykdy. Neşiriň sahypalarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara syýasy işjeňligine aýratyn orun berilýär.
Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Şu gün Türkmenistanyň Serhet institutynda şu ýyl ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde guralan dabaralarynyň çäklerinde türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilen “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaýyň baş baýraga eýe bolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça gaýduwsyz, wepadar Akhan “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejä mynasyp boldy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Köp ýurtlarda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem 26-njy aprelden 2-nji maýa çenli aralykda Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Çäräniň maksady sanjym arkaly öňüni alşyň ähmiýeti barada ilatyň habarly bolmagyny gazanmakdan, immunizasiýa babatda sowatly hem-de ynamly garaýşy kemala getirmekden ybaratdyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini goramakda, gulluk borçlaryny gyşarnyksyz hem-de birkemsiz berjaý etmekde, şeýle hem türkmen alabaýlaryna ideg etmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň yzarlaýjy itleriniň gözükdirijisi — bölekçe serkerdesi, çagyryş boýunça harby gullukçy, seržant Rejepmyrat Myradowy Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamaly.
“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 17-nji martynda çykaran 819-njy Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň yzarlaýjy itleriniň gözükdirijisi — bölekçe serkerdesi, çagyryş boýunça harby gullukçy, seržant Rejepmyrat Myradowy gulluk borçlaryny gyşarnyksyz we birkemsiz berjaý edendigini hem-de türkmen alabaýlaryna ideg etmekde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, ony ilkinji nobatda dabaraly ýagdaýda harby gullukdan boşatmak tabşyryldy.
Geçen ýyllarda bolşy ýaly bu maglumatyň taýýarlanmagynyň maksady hem ýurtda adam hukuklarynyň berjaý edilşine syn bermek, adam hukuklary babatda möhüm meseleleri seljermegiň netijesinde 2020-nji ýylda adam hukuklarynyň ýagdaýyny we Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň (mundan beýläk - Adalatçy) adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, bozulan hukuklary dikeltmek, adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almak, edilen teklipler we öz ygtyýarlygynyň çäklerinde alyp baran beýleki işleri barada beýan etmekdir.