Şu gün Türkmenistanyň Serhet institutynda şu ýyl ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramynyň Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde guralan dabaralarynyň çäklerinde türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilen “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna degişli Akhan atly alabaýyň baş baýraga eýe bolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça gaýduwsyz, wepadar Akhan “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen derejä mynasyp boldy.
Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçilere alabaýyň güjükleriniň 7-sini sowgat berdi. Milli Liderimiz türkmen ilinde ýedilik belginiň mukaddes saýylýandygyny, onuň bar ýerinde rowaçlygyň artýandygyny aýtdy.
Şol gün döwlet Baştutanymyz serhetçi esgerler bilen söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň taryhynyň dowamynda dünýä ykrarnamasyna eýe bolan we umumydünýä gymmatlyklarynyň möhüm bölegine öwrülen türkmen halysy, ahalteke atlary, türkmen alabaýy ýaly milli gymmatlyklary döredendigini gürrüň berdi.
Belent Serkerdebaşymyz türkmenleriň alabaý itlerine garaýşynyň üýtgeşikdigini belledi. Şöhratly ata-babalarymyzyň ösdürip kemala getiren itleriniň bu tohumy tutuş dünýäde tanalýar. Taryhy maglumatlarda, halk rowaýatlarynda alabaýlaryň merdanalygy, wepalylygy we islendik çylşyrymly pursatlarda öz janlaryny orta goýup, adamlary halas etmäge bolan ukyby barada aýdylýar.
Milli Liderimiz serhetçi esgerlere türkmen alabaýlarynyň görkezen gaýduwsyzlygy, wepalylygy baradaky rowaýatlary gürrüň bermek bilen, halkymyzyň döreden “It geldi — gut geldi” diýen paýhasly jümlesinde çuňňur manynyň bardygyny, munuň alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aňladýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda türkmen alabaýlary bilen ýörite okuw tälimleri geçirilýär, şonuň netijesinde, türkmen alabaýlary jenaýatçylary ele salmak hem-de partlaýjy maddalary ýüze çykarmak ukyplaryny görkezýärler. Türkmen alabaýlary hem edil ahalteke bedewleri ýaly, asyrlarboýy türkmen halkynyň wepaly dosty we ýoldaşy bolup geldi. Bu özboluşly türkmen itleriniň söweşjeň häsiýete eýe bolandygyna taryh şaýatdyr. Şol bir wagtyň özünde bu tohumdaky itler öz eýesine, ýaşaýan öýüniň maşgala agzalaryna juda wepaly bolupdyr.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bilen bolan şol duşuşygyň dowamynda serhetçiler Watana wepaly gulluk etmek bilen birlikde, sowgat berlen alabaýlary terbiýelemekde yhlaslaryny gaýgyrman, olary mynasyp ýetişdirjekdiklerine ynandyrdylar. Serhet gullugynyň harby gullukçysynyň halkara bäsleşikde ýeňiş gazanmagy hem-de onuň ösdürip ýetişdiren Akhan atly alabaýyna “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” derejesiniň berilmegi şol ynamyň mynasyp ödelendigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Munuň özi harby gullukçylaryň Watan öňündäki mukaddes borjuny ýerine ýetirýän döwürlerinde zähmet terbiýesi arkaly taplanýandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa milli Liderimiziň hemişe ündeýän nesihatlaryny harby gullukçylaryň ýörelge edinýändikleriniň subutnamasydyr.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň pent-nesihatlaryndan, tabşyryklaryndan ugur alnyp, türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň tohumçylyk hem-de seçgiçilik işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň binýadynda “Türkmen alabaý” tohum itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş merkezi döredildi.
Akhanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen halkara bäsleşigiň ýeňijisi bolmagy milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleriniň netijeli çözülýändigine güwä geçýär.
Dabarada çykyş edenler milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä derejesinde belende galdyrmakda döwlet Baştutanymyzyň bitirýän beýik işleri barada aýratyn durup geçdiler. Şunda türkmen alabaý itlerini ata Watanymyzyň döwlet serhediniň goragynda netijeli ulanmak baradaky başlangyjyň hem hormatly Belent Serkerdebaşymyza degişlidigi buýsanç bilen bellenildi.
Ata Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragynda esgerler bilen deň hatarda, sak durup gulluk edýän Akhan bu gün aýratyn başarjaňlygyny, gaýduwsyzlygyny subut eden alabaý hökmünde taryha girdi. Ony şeýle derejede terbiýeläp ýetişdirip, zähmet endigini ele alan serhetçi esger Rejepmyrat Myradow bolsa hormatly Prezidentimiziň baş baýragy bolan “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulaga, göçme kuboga hem-de diploma eýe boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, serhetçi esger R.Myradow Türkmenistanyň “Türkmen edermen” medaly bilen sylaglanyldy. Şu günki dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesinden ruhlanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, parahatçylygyň we ene topragymyzyň asudalygynyň goragynda berk durup, harby we watançylyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýän ýurdumyzyň ähli harby gullukçylary üçin şanly waka öwrüldi.
Gulluk borçlaryny gyşarnyksyz we birkemsiz berjaý etmegini hem-de türkmen alabaýlaryna ideg etmekde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Buýrugyna laýyklykda, R.Myradow dabaraly ýagdaýda harby gullukdan boşadylyp, ilkinjileriň hatarynda çagyryş boýunça harby gullugyň ätiýaçlygyna ugradyldy. Munuň özi esger ýigidiň durmuşynda iň şatlykly, buýsançly waka boldy.
Dabaranyň çäklerinde aýdym-sazly çykyşlar hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde guralan sergi dabaranyň özboluşly öwüşginini artdyrdy. Onda ahalteke bedewleriniň hem-de türkmen alabaýlarynyň waspyny ýetirýän sungat eserleri görkezildi. Şeýle-de sergide ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümlerinde ösdürilip ýetişdirilýän alabaý gulluk itlerini synlamak mümkinçiligi döredildi.