Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Çap edildi 27.04.2021
2022

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Hormatly jenap Prezident!

Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine biragyzdan saýlanmagyňyz türkmen halkynyň Size uly hormat goýýandygynyň, doly goldaýandygynyň hem-de ynam bildirýändiginiň subutnamasydyr. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň ähli ugurlarynda täze sepgitlere ýetjekdigine ynanýaryn.

Men ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýärin hem-de Siz bilen bilelikde hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine täze derejä çykarmak üçin tagallalary etmäge taýýardyryn.

Size ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri, dostlukly Türkmenistana abadançylyk we kuwwat, onuň halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de ösüş arzuw edýärin.

Si Szinpin, 

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti 

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Onuň Alyhezreti, jenap Prezident!

Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Hytaý bilen Türkmenistan oňat hyzmatdaşdyr, dostdur we dogandyr. Diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan soňra, 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralary dostlukly gatnaşyklary saklaýar, munuň özi hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm bölegine öwrüldi.

HHR-niň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, iki ýurduň halklarynyň däp bolan dostlugyny pugtalandyrmaga möhüm goşant goşmaga hem-de dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermäge taýýardyr.

Size ýokary wezipäňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Dostlukly Türkmenistana ösüş we kuwwat, onuň halkyna bolsa bagt hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Li Çžannşu,

Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň

Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow