Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Taryhy-medeni miras halkyň müdimi baýlygydyr
Medeniýet
Taryhy-medeni miras halkyň müdimi baýlygydyr
Çap edildi 27.05.2021
5245

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnalda täze açyşlar, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy barada ylmy makalalar tapgyrynyň çap edilmegi dowam edýär. Makalalaryň awtorlary — ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň alymlary (taryhçylar we arheologlar, dilçiler we edebiýaty öwrenijiler) bolup, olaryň maksady milli medeni mirasymyzy aýawly saklamakdan hem-de wagyz etmekden ybaratdyr.

Žurnalyň “Açyşlar we täze işläp düzmeler” bölüminde fransuz-türkmen bilelikdäki arheologik ekspedisiýasynyň direktory Julio Bendezu-Sarmientonyň “Türkmenistanda we Aziýanyň beýleki sebitlerinde aty eldekileşdirmegiň taryhy (miladydan öňki III müňýyllygyň ahyry — II müňýyllygyň başlary)” atly makalasy ýerleşdirilipdir.

Fransuz alymynyň makalasy Türkmenistanda hem-de Aziýanyň dürli sebitlerinde arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan artefaktlary we beýleki subutnamalary jikme-jik öwrenmäge bagyşlanýar. Makalanyň awtorynyň belleýşi ýaly, atlaryň eldekileşdirilmeginiň iň irki döwri miladydan öňki 9000 — 8000-nji ýyllara degişlidir. Şunda ol atlary eldekileşdirmegiň ilkinji yzlarynyň peýda bolmagy, olaryň ilkibaşdaky merkezleri, görnüşleri hakynda öz çaklamasyny öňe sürýär.

Alym Wiktor Sarianidiniň baştutanlygyndaky Margiana arheologik ekspedisiýasy tarapyndan Goňurdepede, hususan-da, gadymy patyşa mazarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň maglumatlaryna salgylanýar. Ol ýerde häzirki Türkmenistanyň çäklerinde atlaryň eldekileşdirilendigine şaýatlyk edýän täsin artefaktlar tapyldy.

Arheologyň tassyklamagyna görä, bürünç asyrynda Baktriýa hem-de Margiana medeniýetlerinde atlary köpeltmek uly ähmiýete eýe bolupdyr. Munuň tassyklamasy hökmünde Altyndepede, ýokarky medeni gatlaklarda tapylan atyň terrakotadan edilen şekiljigine hem-de beýleki ýadygärliklerdäki şuňa meňzeş tapyndylara salgylanýar.

Köpetdagdan tapylan heýkeljikleriň toplumynyň stilistiki häsiýetnamalary ussalaryň atlaryň ýerli tohumynyň gurluşyny gowy bilendiklerini görkezýär. Şeýle hem bu atlar ekerançylykda ulanylmandyr. Bu täze açyşlar Merkezi Aziýada bürünç asyrynda atlary köpeltmek we olaryň seçgisi bilen meşgullanylandygyny subut edýär. Şoňa görä-de, häzirki Türkmenistanyň çäkleri atlary köpeltmek boýunça dünýä merkezleriniň biri bolupdyr diýlip makalada bellenýär.

Ýüwrük, owadan, wepaly, çydamly we dürli öwüşginli reňklerde bolan ajaýyp ahalteke atlary Türkmenistanyň gadymy we häzirki zaman taryhynyň nyşanydyr diýip, makalanyň awtory nygtaýar hem-de türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň taryhy wakalarynyň we Bitarap Türkmenistanyň häzirki gazananlarynyň arabaglanyşygyny belleýär.

Bu pikir žurnalyň şu bölüminde ýerleşdirilen “Türkmen diliniň öwreniliş taryhyndan” atly makalada hem şöhlelendirilýär. Onda diliň halkymyzyň köpasyrlyk taryhy hem-de ykbaly, onuň ruhy gymmatlyklary bilen berk baglanyşygy nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, alym hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Döwletli iliň ene dili hem ýaşaýar. Ene dili halkyň ruhy dowamydyr” diýen parasatly sözlerini getirýär.

Alym taryhy çeşmelere hem-de anyk mysallara salgylanyp, her bir ruhy eýýamyň edebi diliniň bolandygyny hem-de onuň döwletiň maddy-medeni ösüş derejesine baglydygyny subut edýär. Her bir eýýamyň ösüşini ygtybarly maglumatlaryň esasynda yzarlamak türkmen ylmynyň, şol sanda türkmen dil biliminiň geçen ýoluny öwrenmäge esas döredýär diýip, ol nygtaýar.

“Nowruz — tebigatyň, dost-doganlygyň baýramy” atly makalada şu mowzuga degişli gyzykly maglumatlar, şonuň ýaly-da rowaýatlar, folklor materiallary hem-de edebi eserler getirilýär. Ylmy iş türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjiligini, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini, baýramçylyk medeniýetiniň baýlygyny açyp görkezýän halk döredijiligine, şol sanda nakyllara hem-de atalar sözlerine, şonuň ýaly-da şahyrana eserlere baha bermäge mümkinçilik döredýär.

Bu makalada ruhy mirasymyzyň dowamatlylygy anyk mysallar arkaly açylyp görkezilýär hem-de ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli taryhy-medeni mirasymyzy saklamak we öwrenmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy bellenilýär.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölüminde “Beýik Ýüpek ýoly: taryh we häzirki döwür” atly makala ýerleşdirilipdir, onda bu mowzuga degişli baý maglumatlar ýygnalypdyr. Alym bu beýik ýoluň täzeden dikeldilmeginiň wajypdygyny, onuň yklymlary hem-de halklary birleşdirmekdäki, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek babatyndaky häzirki ornuny belläp geçýär.

“Abu Aly Ibn Sinanyň dil hakyndaky ylmy garaýyşlary” atly makalada Gündogaryň orta asyrda ýaşap geçen görnükli alymynyň “Sözleýiş sesleriniň emele geliş sebäpleri” atly traktaty seljerilýär.

Makalanyň awtorynyň tassyklaýşy ýaly, Ibn Sinanyň fonetiki traktatynyň esasy gymmatlygy onuň diňe bir diliň ses düzümini görkezmän, eýsem, sesleriň akustiki häsiýetini hem-de artikulýasiýasyny beýan etmegindedir. Ensiklopedist alym Ibn Sinanyň geljekki nesillere miras galdyran dil hakyndaky kitaby häzirki döwürde hem dünýä ylmynyň we medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr.

Ýerewan Döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Amaliýa Petrosýanyň “Şygryýet serhetsizdir” atly makalasynda türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň taryhyna ýüzlenilýär. Bu makalanyň baş mowzugy türkmen-ermeni edebi gatnaşyklarydyr. Alymyň tassyklaýşy ýaly, şol gatnaşyklar geçen asyrda depginli ösüpdir, ol häzirki döwürde hem dowam edýär.

Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk söýüjilik syýasatyny alyp barýar hem-de dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda Ermenistan bilen hem hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkidýär. Türkmenistanyň we Ermenistanyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan dostlukly gatnaşyklary medeni gatnaşyklaryň ösüşine oňyn täsir edip, olaryň berkemegine hem-de baýlaşmagyna ýardam edýär diýip, makalanyň awtory nygtaýar.

Edebi döredijilik babatdaky netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde Çary Aşyrowyň “Ermeni gyzy” atly meşhur goşgusy getirilýär. Ony şahyr Waružan Hastur ermeni diline geçiripdir. Makalanyň awtory häzirki wagtda Ermenistanda türkmen şahyryna hem-de onuň goşgusyna bagyşlanan aýratyn makalanyň çapa taýýarlanýandygyny habar berýär.

Biziň şahyrlarymyzyň goşgularynyň akgynlylygy, mowzugy döwürdeşleriň pikirlerine laýyk gelipdir we şol bir wagtyň özünde, milli edebiýatyň däp bolan häsiýetlerini saklapdyrlar. Şonuň üçin hem olar ermeni okyjylary tarapyndan hem, türkmen okyjylary tarapyndan hem gyzgyn garşylandy. Biz ermeni we türkmen edebiýatlarynyň arasynda meňzeşligiň köpdügini görkezmek isledik, olar geljekde ylmy taýdan seljeriler diýip, Amaliýa Petrosýan nygtaýar.

Ylmy we medeni durmuş habarlary mowzugynda şu ýylyň birinji çärýeginiň wakalaryna syn berilýär. Bu bölümde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan parahatçylyk döredijilik syýasatyny, onuň gazananlarynyň ýurdumyzyň ylmyny hem-de medeniýetini ösdürmek üçin ulanylýandygyny şöhlelendirýän wajyp wakalar beýan edilýär.

Köp sanly fotoşekiller, şol sanda muzeý hem-de arhiw artefaktlary türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän “Miras” žurnalyndaky makalalara ajaýyp goşundy bolup hyzmat edýär. Bu bolsa onuň dünýäniň dürli künjeklerindäki okyjylar köpçüligi üçin elýeterli bolmagyny üpjün edýär.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow