11.07 2021

Milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän strategiýasynyň esasy ugurlary bolan özara bähbitli daşary syýasy hyzmatdaşlygyny giňeltmek, tebigy baýlyklarymyzy netijeli ulanmak, halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak, bazar ykdysadyýetine geçmek, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri geçen hepdäniň wakalarynyň esasylaryny düzdi.

11.07 2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

11.07 2021

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

09.07 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Milli Geňeşiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary çagyryldy.

09.07 2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysadyýete geçmegi bilen bagly ýerine ýetiriji häkimiýetiň we döwlet edaralarynyň gurluşyny amatly ýagdaýa getirmek, şeýle hem maglumat tehnologiýalaryny häzirki zamanyň talaplaryna görä ösdürmek, öz-özüňi dolandyrmak we täze ykdysady şertlerde ulag we aragatnaşyk pudagyny düýpli özgertmek hem-de toplumlaýyn dolandyrmak, bu pudaklaryň ykdysady erkinligini giňeltmek arkaly işiniň hilini we edýän hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

09.07 2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Orazmyradowiç Ataýew oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.


09.07 2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan jenap Ishak Gersogy Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

08.07 2021

Şu gün paýtagtymyzda Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

07.07 2021

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ir säher bilen Hazaryň kenaryna çykyp, irki maşklaryny ýerine ýetirdi we welosipedde gezelenç etdi.

07.07 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Kamçatka ülkesinde «An-26» kysymly uçaryň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

1473 sahypa
Soňky habarlar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi