Şu gün paýtagtymyzda Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň okgunly ösüşi aýratyn nygtaldy.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar söwda, sanly tehnologiýalar, innowasiýa ykdysadyýeti ulgamynda hem-de iki ýurduň täjirçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleri aýratyn bellenildi.
Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýanyň döwlet edaralarynyň hem-de hususy böleginiň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtadylar. Iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň energetika pudagyndan başlap, senagatyň geljegi uly ugurlaryny, ulag, düzümleýin gurluşyk we beýleki ulgamlaryň giň toplumyny öz gerimine alýandygy bellenildi.
Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.
***
Şu gün DIM-nde wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň we Marokkonyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi, oňa Marokko Patyşalygynyň daşary işler ministri Naser Burit gatnaşdy.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Afrika yklymynyň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, geçen ýylyň baharynda türkmen wekiliýetiniň Marokko Patyşalygyna amala aşyran saparynyň netijeli häsiýete eýe bolandygy nygtaldy. Taraplar agzalan saparyň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň möhümdigini bellediler hem-de daşary syýasat, ulag, bilim, ylym we beýleki ulgamlarda goşmaça resminamalary işläp taýýarlamak üçin gepleşikleri işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar.
Şeýle hem geňeşmelere gatnaşyjylar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň derejesine kanagatlanma bildirdiler hem-de halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklaryň netijeliligini nygtadylar. Sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Geňeşmeleriň barşynda iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalary beýan edildi. Nebitgaz we himiýa pudaklary, dokma senagaty, senagatyň gaýtadan işleýän pudaklary, oba hojalygy hem-de syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topary döretmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Taraplar gatnaşyklary ösdürmek üçin işewür toparlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň möhümdigini bellediler. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada-da pikir alşyldy. Lukmançylyk saglygy goraýyş ugry boýunça hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi.
Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar degişli resminama gol çekdiler.