16.07 2021

Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.

15.07 2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 14 — 16-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.

15.07 2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atageldi Nepesowiç Bäşimow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

15.07 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna dahylly meselelere garaldy.

14.07 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de welaýat merkezi Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

13.07 2021

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler we mümkinçilikler» atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 14 — 16-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.

13.07 2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Purçekow Çarymyrat Hywaliýewiçiň üstüne ýüklenildi.

13.07 2021

Şu gün “Oguzhan” köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi. Ol düýn Türkmenistana iki günlük resmi sapar bilen geldi.

13.07 2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna boljak iş saparyna taýýarlyk çäreleriniň maksatnamasyna garaldy.

12.07 2021

“Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginde ösdürmegi dowam etdirmek, milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda telekeçilik işjeňligini artdyrmak, kiçi we orta kärhanalaryň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de möçberlerini köpeltmek, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.

1473 sahypa
Soňky habarlar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi