Milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän strategiýasynyň esasy ugurlary bolan özara bähbitli daşary syýasy hyzmatdaşlygyny giňeltmek, tebigy baýlyklarymyzy netijeli ulanmak, halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak, bazar ykdysadyýetine geçmek, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri geçen hepdäniň wakalarynyň esasylaryny düzdi.
5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda özara gatnaşyklaryň geljegi, onuň esasy ugurlary hem-de bar bolan mümkinçilikler barada pikir alşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG bilen hyzmatdaşlyk babatda türkmen tarapynyň esasy garaýşyny beýan edip, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň bosgunlary, migrantlary we raýatlygy bolmadyk adamlary goldamak, halkara ynsanperwer hukugyň kadalaryny hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlaryny doly goldaýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu mejlisinde Türkmenistanyň öňe süren halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Wolkan Bozkyra minnetdarlyk bildirdi. Ýakyn wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän resminamalara, ýagny adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly ulag aragatnaşygyny üpjün etmegiň hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hyzmatdaşlygy barada Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň taslamalaryna garamagyň meýilleşdirilýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan guralan ählumumy «tegelek stoluň» dowamynda Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlaryny aýratyn nygtady. Olar, hususan-da, pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategiýasyny işläp düzmek hem-de alternatiw energiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek üçin halkara «Ýol kartasyny» Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda taýýarlamak boýunça başlangyçlardyr.
Taraplar gender deňligi, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmak, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Milli Liderimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýan we ykrar edilýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu babatda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň ähmiýeti nygtaldy.
Şol gün Daşary işler ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşyklar boldy.
6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak üçin, Balkan welaýatynda iş saparynda boldy.
Döwlet Baştutanymyz tebigy gorlara baý Garabogazy Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsiniň ýagdaýy bilen tanşyp, täze köprini gurmak we oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy.
Türkmenistan — Gazagystan halkara ulag ugrunyň möhüm desgasynyň Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoly bilen birikmegi goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz Garabogaz aýlagynyň tebigy serişdeleriniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, bu künjegiň tebigy baýlyklaryny, şol sanda melhemlik mineral çeşmelerini netijeli ulanmak meselelerine ylmy taýdan çemeleşmegi hem-de sebitde syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýän Balkan welaýatynda üstaşyr ulag geçelgesiniň geçirijilik ukybynyň yzygiderli artdyrylýandygyny belläp, degişli ýolbaşçylara Jebel şäherçesiniň golaýyndaky Halkara howa menziliniň gurluşygynyň taslamasyny milli binagärlik däplerine hem-de bu ugurda dünýä tejribesiniň häzirki zaman gazananlaryna laýyklykda we bu ýeriň ekologiýasyny hasaba almak bilen çalt işläp taýýarlamak boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň işi bilen tanyş boldy hem-de deňiz portuna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we toplumyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze kottejler toplumynyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Täze, giň gerimli taslamalar türkmen topragynyň iň gözel künjekleriniň biriniň ägirt uly dynç alyş kuwwatyny netijeli peýdalanmaga, Hazar deňziniň kenarynda dynç alýanlara ýokary derejeli hyzmat etmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda eden gezelenjiniň dowamynda Awazanyň çäklerinde amatly ekologiýa ýagdaýy saklamak maksady bilen, bu ýerlerde döredilýän seýilgäh zolaklarynyň çäginiň giňeldilmelidigini aýtdy.
Milli Liderimiz egindeşleri bilen çaý başynda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň netijeleri boýunça geçiren maslahatynda adamlaryň abadan durmuşy baradaky aladanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň maksatnamasynda öz beýanyny tapmalydygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitleýär hem-de sport bilen meşgullanmagyň her bir adam üçin durmuş kadasy bolmagy ugrunda çykyş edýär.
7-nji iýulda ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda irki maşklary ýerine ýetirdi we watandaşlarymyza görelde bolup, welosipedli gezelenji amala aşyrdy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň amatly howa şertleri we baý tebigy aýratynlyklary türkmen topragynyň jenneti mekana öwrülmegini hem-de sagaldyş-dynç alyş we sport merkezi hökmünde ykrar edilmegini şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz welosipedli gezelenji tamamlap, Hazar deňziniň kenaryndaky gämi duralgasyna bardy hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ygtyýaryna täze gelen ýokary tizlikli “Rahat” ýolagçy gämisiniň ýüzüşine ak pata berdi.
Milli Liderimiz egindeşleri bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda gurlan häzirki zaman gämisiniň ilkinji ýolagçylary boldy we onuň tehniki ölçegleri, enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz ýüzüşiň dowamynda Hazaryň kenarynda işjeň dynç alşyň häzirki zaman ugurlaryny ösdürmek, myhmanlara edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek meselelerine ünsi çekdi. Şeýle hem bu künjegiň ekologiýa taýdan ýokary derejesiniň, gadymy Hazaryň biodürlüliginiň saklanmagynyň we onuň çäklerindäki ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň ylmy esasda öwrenilmeginiň zerurdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde halk hojalygy toplumynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy hem-de ikinji ýarym ýyl üçin wezipeler kesgitlenildi.
1-nji iýul ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdejileriniň meýilnamasy 119,1 göterim, çykdajylarynyň meýilnamasy bolsa 97,3 göterim ýerine ýetirildi. Ykdysadyýetimizi ösdürmäge, hususan-da, önümçilik toplumlaryny hem-de durmuş-medeni ähmiýetli desgalary gurmaga gönükdirilen maýa goýumlarynyň mukdary jemi içerki önümiň 15,9 göterimine barabar boldy.
Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,2 göterim ýokarlandy.
Milli Liderimiz ýakyn aýlarda möhüm wakanyň — berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu şanly senä bagyşlanan esasy mejlis 25-nji sentýabrda geçirilse, 26-njy sentýabrda bolsa zähmetde gazanan üstünlikleri üçin sylaglara mynasyp bolan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy geçirilse, 27-nji sentýabrda hem ata Watanymyzyň baş baýramyny — Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly ýubileýini uly dabaralara besläp geçsek, maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Ýurdumyzda ykdysady we maliýe durnuklylygy üpjün etmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak, göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Milli ykdysadyýetimizde döwletiň gatnaşyk paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň depgininiň güýçlendirilmeginiň möhümdigine üns berildi.
Mejlisiň dowamynda birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy hem-de ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşine gönükdirilen resminamalar kabul edildi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň ýanynda ministrligiň hukuklarynda Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmek hakyndaky Permana, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek hem-de “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurluşyny tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy bilen, giriş synaglaryny geçirmegiň tertibi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň we ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine okuwçylary kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi, 2021-nji ýylda ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy.
Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, geçen ýarym ýylda dünýä ykdysadyýetini ösdürmekde döwletimiziň ornuny berkitmek boýunça işleriň dowam etdirilendigini belledi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek işleri ýokary depginde alnyp baryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini gurmak üçin alnan karz serişdeleri boýunça hem öz wagtynda Hytaý bilen hasaplaşygyň geçirilendigini aýtdy. Häzirki wagtda tebigy gazy satmakdan alynýan girdeji döwletiň gaznasyna gönükdirilýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport edilýän harytlaryň mukdaryny artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalary hem netijeli amala aşyrylýar.
Geçen hepdede Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Owganystan meselesi boýunça ministrleriň wideoaragatnaşyk duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde guraldy.
Mejlise Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Talgat Kaliýew we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynda (UNAMA) BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça syýasy meseleler babatda ýörite wekiliniň orunbasary Mette Knudsen gatnaşdylar.
Türkmen tarapy Owganystanda parahatçylygy dikeltmek ugrundaky gepleşikleriň oňyn ösüşini gazanmakda dünýä jemgyýetçiliginiň syýasy we durmuş-ykdysady goldawynyň ähmiýetini hem-de şol gepleşikleriň oňyn netijesiniň sebitdäki we onuň daşyndaky syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýy bilen gönüden-göni bagly bolup durýandygyny nygtady.
Sanly ulgam arkaly italýan kompaniýalary üçin “Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly ýurt boýunça tanyşdyrylyş maslahaty geçirildi.
Maýa goýumlar, sanly tehnologiýalar, obasenagat toplumy, ýeňil senagat, ulag we logistika, saglygy goraýyş pudagy, maliýe-bank ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.
Tanyşdyrylyşyň çäklerinde taraplar maliýe, ykdysady we tehniki gurallar bilen jikme-jik tanyşdylar. Olara Italiýanyň “SAСE” döwlet eksport-karz agentligi Türkmenistanda işewürligi maliýeleşdirmek üçin teklipleri hödürläp biler.
8-nji iýulda paýtagtymyzda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň daşary aragatnaşyklar boýunça Komitetiniň Başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Taraplar söwda, sanly tehnologiýa, innowasion ykdysadyýet we iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda özara gatnaşyklar babatda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny nygtadylar.
Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Marokko Patyşalygynyň daşary işler ministri Naser Buritiň gatnaşmagynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topary döretmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Nebitgaz hem-de himiýa pudaklary, dokma senagaty, senagatyň gaýtadan işleýän pudaklary, oba hojalygy hem-de syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamy boýunça özara gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.
Bir söz bilen aýdylanda, geçen hepdäniň wakalary döwletimiziň okgunly ösüşiniň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler Watanymyzyň täzeçillik ýoly bilen ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň berkidilmegine gönükdirildi.