Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 15.07.2021
1496

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna dahylly meselelere garaldy.

Milli Liderimiz maslahatyň gün tertibine geçip, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim sebitde gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi işlerini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatyň gowaça meýdanlarynda keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «ak altynyň» bol hasylyny almak maksady bilen, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gowaçanyň hatarara bejergisini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak boýunça işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek barada häkime degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň gowaça meýdanlarynda keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin ähli zerur çäreleri görmegiň, ekinlere ideg etmekde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallarynyň doly güýjünde işledilmeginiň wajypdygyny nygtady hem-de bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hasabatyň başynda sebitiň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan milli Liderimize Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy hem-de Balkanabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra häkim gowaça agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda yhlasly zähmet çekýän pagtaçy kärendeçiler şu gyzgalaňly günlerde gowaçanyň hatar aralaryny bejermek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerini ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň kömegi arkaly alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler gowaça talabalaýyk ideg etmegiň öňümizdäki pagta ýygymy möwsüminiň üstünliginiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady we bu ugurda geçirilýän çäreleri berk gözegçilikde saklamagy, hatarara bejergisiniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegi, ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işini göwnejaý guramagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda keselleriň öňüni almaga hem-de zyýankeşlere garşy göreşmäge, oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu işleriň ählisiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini aýdyp, ýerlerde degişli gulluklaryň sazlaşykly işine berk gözegçiligi üpjün etmek barada häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim gowaça meýdanlarynda ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda demirgazyk sebitiň zähmetsöýer pagtaçylary «ak altynyň» bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda döwletimiziň döredýän ähli mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, tutanýerli zähmet çekýärler. Şu günler gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agronomçylyk görkezmelerine laýyklykda, talabalaýyk alnyp barylýandygy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda geçirmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, gowaçanyň hatarara bejergisi, olara ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşlere garşy göreşmek ýaly möhüm agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça zerur çäreleriň görülmegi tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz ekinlere ideg etmekde işledilýän oba hojalyk tehnikalaryny hem-de beýleki enjamlary rejeli we netijeli ulanmak, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegini üpjün etmek boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra welaýatyň häkimi daşoguzlylaryň döwlet Baştutanymyz bilen duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny hem-de milli Liderimiziň welaýata iş saparynyň çäklerinde täze desgalaryň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk görülýändigini habar berdi.

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda gowaça ideg etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler, ýagny gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi işlerini aýny möhletinde geçirmek, mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenilen möhletinde ýokary hilli geçirmekde degişli oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de gurallarynyň doly güýjünde işledilýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň gowaça meýdanlarynda keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin biokärhanalarda degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň taryhyndaky şanly waka — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaralara beslenýän günlerinde pagtaçy kärendeçileriň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin hemme şertleriň döredilmelidigine häkimiň ünsüni çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gowaça ideg etmek işleriniň pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmek bilen utgaşykly alnyp barylmagy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu möhüm oba hojalyk möwsüminde ýokary hasyl almak üçin ähli çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, häkime agrotehniki kadalara laýyklykda gowaça ideg etmek boýunça işleriň toplumlaýyn we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, şol sanda gowaça ideg etmek, ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergisini geçirmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça görülýän toplumlaýyn agrotehniki çäreler, bu işde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerine ylmy taýdan çemeleşmegiň wajypdygyny belläp, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri ýokary hilli ýerine ýetirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz geljekki bol hasylyň daýhanlaryň şu günlerki çekýän tutanýerli zähmetine baglydygyny aýdyp, gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, hasyla hasyl goşulýan günlerde gowaçanyň mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirilmeginiň hem-de ösüş suwuny tutmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Bu işleriň ýokary derejede geçirilmegi geljekde Watanymyzyň baş baýlygy bolan “ak altynyň” bereketli hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegine ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu işleriň geçirilişini berk gözegçilikde saklamak barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, gowaça meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi hem-de ýurdumyzyň pagtaçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möhüm oba hojalyk möwsümlerine taýýarlyk görlüşine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady. Bu işler ýerine ýetirilende, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri ulanmak, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda toplanan iň gowy tejribe bilen birlikde, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak wajypdyr.

Milli Liderimiz şu günler daýhanlaryň öňünde gowaça göwnejaý ideg etmek hem-de pagta ýygymyny üstünlikli geçirmek üçin jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belläp, bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyny, aýratyn hem pagtaçylygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan ýörite maslahatyň geçirilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, sanly ulgam eýýamynda bilim alýan talyplaryň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleriniň, seçgiçileriň bu strategik ähmiýetli ekini ýetişdirmek babatdaky anyk teklipleri diňleniler.

Döwlet Baştutanymyz pagtanyň biziň baýlygymyzdygyny, pagtaçylygyň bolsa ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Bu pudak daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak ulgamyndaky milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýar.

Bu ulgamda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde oba hojalyk toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar. Oba hojalygynyň döwrebap önümçilik we hyzmat ediş düzümini döretmek, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy agrotehnologiýalary giňden ornaşdyrmak şol özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Şunuň bilen birlikde, ylmy seçgiçilik ulgamynda, çalt ýetişýändigi, ýokary hasyllylygy hem-de süýüminiň hili bilen tapawutlanýan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmek babatda netijeli işler alnyp barylmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Obasenagat toplumynyň tehniki düzümini täzelemek we döwrebaplaşdyrmak üçin ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Şu maksat bilen, döwletimiz tarapyndan dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden döwrebap oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar.

Şunuň bilen baglylykda, kärendeçiler we daýhan birleşikleri tehnikalar, tohumlar, mineral dökünler, suw we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär. Döwlete tabşyrylan «ak altyn» hasyly üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bularyň ählisi oba hojalyk önümlerini öndürijileriň öz işiniň netijelerine gyzyklanmasyny artdyrmaga ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Sebitlerde pagtaçylyk-dokma ulgamlary döredilýär. Olar tutuş tehnologik ulgamy — pagta önümçiligini, onuň gaýtadan işlenilmegini, ýüplükleriň, matalaryň, dürli dokma we tikin önümleriniň taýýarlanylmagyny öz içine alýar.

Ekologiýa taýdan arassa bu önümler hil babatda halkara ölçeglere gabat gelýär hem-de içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegi hem-de gowaça ekilýän meýdanlaryň has-da giňeldilmegi ösümlik ýagynyň, mallar üçin ot-iýmleriň, dokma pudagynyň önümleriniň öndürilişini artdyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz häzirki wagtda Türkmenistanda agrar pudagy ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady. Oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, obada döwrebap durmuş-ykdysady düzümi kemala getirmek meseleleri hemişe döwletimiziň üns merkezinde durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglyk hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow