Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň toparyny Olimpiýa oýunlaryna ugradyş dabarasy
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň toparyny Olimpiýa oýunlaryna ugradyş dabarasy
Çap edildi 16.07.2021
1963

Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.

23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda boljak giň gerimli wajyp ýaryşlara badalga berilmegine bir hepdeden hem az wagt galdy. Oňa däp boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň saýlama türgenleri gatnaşar. Olaryň hatarynda biziň türgenlerimiziň hem çykyş etjekdigini bellemeli.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 9 türgen girýär, olar sportuň dört görnüşi — dzýudo, ýeňil atletika we agyr atletika, suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklerde çykyş ederler.

Agyr atletika boýunça geçiriljek bäsleşige 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde Hojamuhammet Toýçyýew we Öwez Öwezow 109, Rejepbaý Rejebow 81 kilograma çenli agram derejesinde, 59 kilograma çenli agram derejesinde Polina Gurýewa, 55 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Kristina Şermetowa çykyş ederler. Mergen Mämmedow ýeňil atletikanyň ýekedaban zyňmak görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşar. 52 kilogram agram derejesinde çykyş edýän Gülbadam Babamyradowa dzýudo boýunça bäsleşiklere gatnaşar. Merdan Ataýew suwda arkanlygyna ýüzmek boýunça 100 we 200 metr aralyga, Darýa Semýonowa bolsa bras usulynda 100 metr aralyga güýç synanyşarlar. Olimpiýa ýaryşlarynyň geçirilýän günlerinde ussat sport hünärmenleri we tälimçiler türgenleriň ýanlarynda bolarlar.

Wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş edýän türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegi arzuw etdi, olaryň dünýä möçberindäki iri bäsleşiklerde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, Watanymyzyň sport abraýyny halkara derejede belende göterjekdiklerine ynam bildirdi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik edýän sport toparyna iberen Ýüzlenmesini uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň sport ulgamynyň taryhyna täze sahypalar ýazylýar. Bu ajaýyp zamanada ykballaryny sporta baglan ýaşlarymyz sebit we halkara derejedäki ýaryşlarda eziz Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorap, watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler» diýlip bellenilýär. Milli Liderimiziň Ýüzlenmesinde şeýle hem türkmenistanly türgenleriň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ajaýyp ýeňişleri gazanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna toý sowgatlary bilen geljekdiklerine, sportda «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.» şygaryny öňe sürýän eziz Watanymyzyň — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ülkesi hökmünde halkara derejedäki abraýyny has-da belende göterjekdiklerine, şeýle-de türkmen sportuny Ýer ýüzünde şöhratlandyrjakdyklaryna uly ynam bildirilýär.

Şu günki dabaranyň dowamynda çykyş edenler biziň türgenlerimiziň dünýäniň iň iri Oýunlaryna gatnaşmagy köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasy hem-de hemişelik üns bermegi netijesinde mümkin bolandygyny biragyzdan bellediler.

Türkmenistanda diňe bir köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini höweslendirmek bilen çäklenmän, ýokary derejeli türgenleri we tälimçileri, ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine hem aýratyn uly üns berilýär. Türkmen türgenleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän iri ýaryşlara gatnaşyp, haýran galdyryjy üstünlikleri gazanýarlar, baýrakly orunlara we medallara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolýarlar.

Sportuň dürli görnüşleri boýunça tälimçiler düzümi hem öz daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak arkaly öz ukyplaryny we bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň türgenleriniň ýokary netijeleri görkezip, dünýäniň sport giňişliginde Watanymyza mynasyp wekilçilik etmegi üçin ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Paýtagtymyz Aşgabatda dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän Olimpiýa şäherçesiniň bina edilmegi ýurdumyzyň sportunyň ösüşinde möhüm sepgit boldy. Bu şäherçe türkmenistanlylaryň buýsanjy bolmak bilen birlikde, ýurdumyzyň sportda ýeten derejesiniň aýdyň beýany bolup durýar. Tutuşlygyna bularyň ählisi Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport düzüminiň döredilendigini aýtmaga mümkinçilik berýär.

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň dowamynda sportuň 33 görnüşi boýunça medallaryň 339 toplumy ugrunda ýaryşlar geçiriler.

“Sport” myhmanhanasynyň eýwanynda türkmen türgenleriniň gazananlaryna bagyşlanan ýörite sergi guraldy. Onda ýurdumyzyň türgenleriniň iri halkara bäsleşiklerde mynasyp bolan sylaglary görkezildi. Bu ýerde milli Liderimiziň kitaplaryna aýratyn orun berildi.

Dabara gatnaşyjylar XXXII tomusky Tokio Olimpiýa oýunlarynyň sport meýdançalarynda türkmen türgenlerine rowaçlyklar we üstünlikler arzuw etdiler hem-de hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler. Ýüzlenmede ýurdumyzyň sportuny ösdürmek üçin döredilýän giň mümkinçilikler hem-de abraýly bäsleşiklerde ýurdumyza wekilçilik etmäge bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Soňky habarlar
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
18.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
top-arrow