Şu gün paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilip, ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrüldi. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýän maslahatyň gün tertibine özbaşdaklyk ýyllary içinde gazanylan netijeleri jemlemek, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň baş maksady eziz Diýarymyzy ösdürmek hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek bolup durýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýyl bolan 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda biz ýurdumyzyň baş baýramyny — eziz Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýini aýratyn buýsanç bilen garşylaýarys. Bu sene Garaşsyz ýurdumyzyň hem-de agzybir halkymyzyň abraý-mertebesini we şan-şöhratyny arşa göterýän, biziň her birimizi täze, has belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny, döwletiň hem-de jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryny we gazanan üstünliklerini, şeýle hem uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we tutanýerli zähmetini nazara alyp, karar edýärin:
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Bitarap döwletimiziň her güni zähmet ýeňişleri bilen şöhratlanýar. Ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Alnyp barylýan bu beýik işlere zähmetsöýer zenanlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekip, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylaýarlar, ýurdumyzda agzybirligi we jebisligi has-da berkitmäge uly goşant goşýarlar.
Ähli ugurlar boýunça guwandyryjy netijelere eýe bolýan mähriban Watanymyz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly ýubileýini mynasyp garşylap, bu gün beýik ýeňişleredir şöhratly wakalara beslenýär. Agzybirligiň, ruhubelentligiň hem-de abadan durmuşyň mekany bolan eziz Diýarymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan ýokary netijeleri, eýeleýän belent sepgitleri, dost-doganlyk we parahatçylyk kadalaryna esaslanýan hoşniýetli, bitaraplyk daşary syýasaty bilen Ýer ýüzünde uly abraý gazanýar.
Eziz Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny buýsandyryjy netijeleri gazanmak bilen garşylaýar. 30 ýylda güneşli Diýarymyzda örän beýik işler bitirildi. Bitarap döwletimiz Ýer ýüzünde ýokary depginler bilen öňe barýan, halkynyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyny gazanan ýurt hökmünde giňden tanalýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny uly dabaralara besläp, buýsandyryjy netijeleri gazanmak bilen garşylaýar. Geçen 30 ýylyň dowamynda eziz Diýarymyzda asyrlara ýaň saljak beýik işler bitirildi. Bitarap döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, öz halkynyň abadan, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän ýurtlaryň hataryna ynamly goşuldy.
Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we goranmak ukybyny, hukuk tertibini hem-de kanunçylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini, medeniýetini we sungatyny, saglygy goraýyş, ylym-bilim hem-de sport ulgamlaryny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilip, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylyp, döwletli Diýarymyz bedew bady bilen barha ynamly öňe barýar.