Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” kompaniýasynyň wekilini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “John Deere” kompaniýasynyň wekilini kabul etdi
Çap edildi 27.09.2021
1832

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we bagçylyk-park bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pentsi kabul etdi. Myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi we giň gerimli baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzy we tutuş türkmen halkyny ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady.

Myhman “John Deere” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan köpýyllyk hyzmatdaşlygyna buýsanýandygyny we netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

“John Deere” kompaniýasy giň möçberli milli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Munuň özi hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Şu döwürde ýurdumyza degişli kysymdaky dürli oba hojalyk tehnikalarynyň müňlerçesi getirildi. Kompaniýanyň inženerleri we hünärmenleri tehnikalaryň görnüşlerini kämilleşdirýärler, olaryň Türkmenistanyň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmegi babatda bildirilýän talaplara laýyklykda enjamlaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär diýip, myhman belledi.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň dünýä işewürliginiň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara peýdaly gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy. Pudagyň täzeçil esasda tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan möhüm özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar. Täze görnüşdäki we kämil tehnikalary satyn almak bilen, biz oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny yzygiderli artdyrmak üçin zerur şertleri döredýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda işewür döwlet Baştutanymyza ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, özara gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltmek we Türkmenistana getirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda täze görnüşli pagta ýygyjy we galla orujy kombaýnlarynyň, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän tehnikalarynyň iberilýän görnüşlerini artdyrmak meselelerine kompaniýanyň möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda myhman döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen ýene bir ýola gutlady we milli Liderimize bildirýän ynamy üçin hoşallyk bildirdi. “John Deere” kompaniýasynyň wekili netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow