Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň direktoryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň direktoryny kabul etdi
Çap edildi 27.09.2021
1862

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Yug-Neftegaz Private Limited” (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskini kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, ýurduň we halkyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde uly üstünlik arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň işewürligi alyp barmak we maýa goýum üçin ähli zerur şertler üpjün edilen hem-de sazlaşykly ösýän türkmen bazarynda ornuny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ägirt uly uglewodorod serişdelerine baý bolan ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Toplumlaýyn energetika strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynyň täzeçil tehnologiýalary esasynda gaýtadan işleýän senagatyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna köpugurly esasda ugradylmagyny möhüm ugur edinýär.

Duşuşygyň dowamynda ugurdaş taslamalary we ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan maksatnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan bu kompaniýanyň Goturdepe käninde alyp barýan işleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň sentýabr aýynda milli Liderimiz Karara gol çekdi. Resminamada “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň bu kompaniýa bilen tebigy uglewodorod käniniň gündogar böleginde 3D, şeýle hem “Günorta Burun” meýdançasynda 2D gözleg-barlag işlerini ýerine ýetirmek boýunça şertnama baglaşmagy göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Igor Burkinskiý döwlet Baştutanymyza alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ähli tejribesini we mümkinçiliklerini hödürlejekdigini nygtady.

Işewür bildirilen ynam üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etjekdigine we öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýokary derejede ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow