Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hana ýurduň Belujistan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.
Ilki bilen, Size mähirli salamymy ýollaýaryn. Siziň 2021-nji ýylyň 26-njy iýulyndaky hatyňyzy kanagatlanma bilen kabul etdim. Size Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz baradaky mähirli sözleriňiz üçin hoşallyk bildirýärin.
Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Kisida Fumio Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-nazaryýet žurnalynyň 8-nji sany çapdan çykdy.
Şu gün — Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatlaýarlar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Şu gün Daşkentde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn milli Liderimiz goňşy ýurda resmi sapar bilen bardy.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çagyrmagy boýunça 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary boldy.
Şu gün günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady.