Sizi «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän ylmy maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, giňeltmekde hem-de özara tejribe alyşmakda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýubileý ýylynyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümet agzalarynyň, beýleki degişli ýo
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sanly ulgam arkaly geçirilýän “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly alym-lukmanlaryň halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýugeni kabul etdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjy we baýlygy bolan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de olaryň baş sanyny köpeltmek we talabalaýyk saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işinde görkezijileriň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Purçekow Çarymyrat Hywaliýewiçe berk käýinç yglan edildi.
Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat geçirildi.
Sizi «Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady» atly lukman alymlaryň halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu maslahatyň lukmançylyk diplomatiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, giňeltmek hem-de özara tejribe alyşmak babatda ähmiýetiniň örän uly boljakdygyna berk ynanýaryn.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapyndan başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman dostlukly ýurduň wekiliýetiniň uly toparyna ýolbaşçylyk edip, iş sapary bilen Aşgabada geldi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.