Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlary
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlary
Çap edildi 07.10.2021
1962

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gadyrly doganym!

Ilki bilen, Size mähirli salamymy ýollaýaryn. Siziň 2021-nji ýylyň 26-njy iýulyndaky hatyňyzy kanagatlanma bilen kabul etdim. Size Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz baradaky mähirli sözleriňiz üçin hoşallyk bildirýärin.

Men hem biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Siziň goşandyňyza ýokary baha berýärin. Biz mundan beýläk-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy hemmetaraplaýyn giňeltmäge berk ygrarlydyrys.

Siziň häzirki wagtda özara gatnaşyklaryň, şol sanda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň çäklerindäki gatnaşyklaryň aýratyn möhümdigi baradaky pikiriňize goşulýaryn. Häzir Azerbaýjanyň şol geňeşde başlyklyk edýän döwrüdir. Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi türki dilli halklaryň hem-de umumy kökleri, taryhy we milli-medeni gymmatlyklary bolan ýurtlaryň arasynda jebislige hem-de bilelikdäki netijeli işe ýardam edýän möhüm ähmiýetli gurama öwrüldi.

Biz Türkmenistanyň bu guramada synçy derejesini almak baradaky çözgüdine örän şatdyrys. Başlyklyk edýän ýurt hökmünde Azerbaýjan Siziň ýüzlenmäňizi geňeşe agza döwletlere iberdi. Agza döwletleriň ählisiniň Türkmenistana Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşde synçy derejesiniň berilmegini biragyzdan goldandygyny tüýs ýürekden kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.

Gadyrly doganym!

Biz dostlukly we doganlyk Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Stambulda geçiriljek VIII sammitine synçy döwlet hökmünde gatnaşmagyna örän şat bolarys. Siziň bu çözgüdiňiziň türki dilli dünýäde jebisligiň we raýdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna hem-de biziň hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Size berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň

Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ähli agzalaryny Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagy tutuş türkmen halky üçin möhüm taryhy waka boldy.

Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynanýarys.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we täze üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Rustami Emomali,

Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň 

Milli Majlisiniň Başlygy.

Soňky habarlar
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
top-arrow