Ata Watanymyzyň özygtyýarly, özbaşdak ösüş ýoluna düşmegi biziň halkymyz üçin ykbal kesgitleýji taryhy waka we dünýä bileleşigine täsir eden ýagdaýdyr. Şoňa görä-de, türkmen halkynyň öz Garaşsyz döwletini döretmek baradaky köpasyrlyk arzuw-isleginiň otuz ýyl mundan ozal amala aşandygyny, ýurdumyzyň taryhynda täze zamananyň başlanandygyny doly esas bilen aýdyp bileris.
Men şu günki şatlykly waka — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly bolan geçen, 2021-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady hem-de medeni taýdan ähli görkezijiler babatda Garaşsyz döwletimizde iň ýokary netijeleri gazanan we bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkimligine 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragynyň gowşurylmagy bilen sizi we etrabyň ähli ilatyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Meniň Italiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagym mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin. Munuň özi Siziň ýurdumyza berýän ünsüňiziň ýene-de bir subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak, etraplarda we şäherlerde durmuş, ykdysady we medeni ugurlarda gowy netijeleriň gazanylmagyny hem-de döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 24-nji maýynda çykaran 1433-nji Buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Lebap welaýatynyň Dänew etraby 2021-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we Dänew etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, milli Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmek, bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň pudaklaryny durnukly we toplumlaýyn ösdürmek, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän, ykdysadyýetiň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatda diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, sebitleýin maýa goýum işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy tassyklanyldy.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, 2022-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň köpugurly we durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, pudaklarda sanly ykdysadyýeti we döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine döwlet tarapyndan goldaw bermegi dowam etdirmek, ähli sebitlerde ykdysady kuwwaty artdyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy» tassyklanyldy.
Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetiň, ylmyň, bilimiň we saglygy goraýşyň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünliklerde, ösüp gelýän nesillerimize milli däp-dessurlarymyza laýyklykda terbiýe bermekde ýaşuly nesliň hyzmaty örän uludyr. Gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň hem uly paýy bardyr.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Purçekowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzda dürli täze desgalaryň birnäçesiniň taslamalary, şeýle hem käbir gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysynyň hem-de “Buig Türkmen” kompaniýasynyň wekiliniň hasabatlaryny diňledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskä hat iberdi we onuň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi hem-de hassahana ýerleşdirilendigi baradaky habary çuňňur duýgudaşlyk bilen kabul edendigini belledi.