Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Başlygyna tiz sagalmak baradaky arzuwlaryny beýan etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Başlygyna tiz sagalmak baradaky arzuwlaryny beýan etdi
Çap edildi 10.02.2022
1757

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskä hat iberdi we onuň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi hem-de hassahana ýerleşdirilendigi baradaky habary çuňňur duýgudaşlyk bilen kabul edendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda: “Özüňize mahsus bolan ruhubelentlik we maksada okgunlylyk bilen, Siz häzirki döwürde bütin dünýäde görnükli syýasatçy hökmünde giňden tanalýarsyňyz. Bu häsiýetleriň Size ýarawsyzlygy gysga wagtda ýeňip geçmäge ýardam berjekdigine berk ynanýaryn” diýip belledi.

Milli Liderimiz öz hatynda: “Siziň Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada mynasyp bolandygyňyzy we biziň öňden gelýän dostumyzdygyňyzy bellemek meniň üçin ýakymlydyr” diýip nygtap, Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Žirinowskä ýarawsyzlyk bilen bagly şu günlerde ähli türkmen halkynyň adyndan tiz wagtda sagalmagyny we uzak ýyllary nazarlaýan berk jan saglygyny arzuw etdi.

Soňky habarlar
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
07.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
06.11
Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
06.11
Türkmenistanda teatr sungatynyň halkara festiwaly badalga aldy
06.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara
05.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow