Dünýäde ýüze çykan ýiti ýokanç keseliň pandemiýasy bilen bagly halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeleriň netijesinde, häzirki wagtda daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen, şeýle hem “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 29-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hereket ediş möhletleri 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary — 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlarynyň hereket ediş möhletleri 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin, degişli düzümdäki Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny 2022-nji ýylyň 29-30-njy aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine gulluk iş saparyna ibermek bellenildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.
Mongol halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de türkmen halkyny Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sizi tämizligi we päkligi, ynsanperwerligi, haýry hem-de sahawatlylygy dabaralandyrýan mübärek Gadyr gijesi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da, däp bolşy ýaly, keremli Oraza aýynyň sahawatly we bereketli Gadyr gijesiniň her bir maşgala ojaklarynda gadymy dessurlarymyza, milli ýörelgelerimize laýyklykda, ajaýyp umyt-arzuwlar bilen garşy alnyp, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrjakdygyna, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň hatyrasyna täze belent sepgitlere ruhlandyrjakdygyna pugta ynanýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra Niderlandlaryň milli baýramy — Patyşanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz baý taryhy tejribä hem-de milli däplerimize daýanyp, ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmaga, netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen syýasaty amala aşyrýar. Ýyndam bedewler Garaşsyz Diýarymyzyň geçmişiniň, häzirki döwrüniň we geljeginiň nyşanyna öwrüldi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.