Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz baý taryhy tejribä hem-de milli däplerimize daýanyp, ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmaga, netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen syýasaty amala aşyrýar. Ýyndam bedewler Garaşsyz Diýarymyzyň geçmişiniň, häzirki döwrüniň we geljeginiň nyşanyna öwrüldi. Öz geçmişine sarpa goýýan hem-de gorap saklaýan halkymyz şu günki bagtyýar durmuşyny gurmak bilen, geljege sary — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar.
18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işleriň ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydygyny belläp, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk hem-de ýollary döwrebaplaşdyrmak işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady, şeýle-de söwda dükanlarynda ilata hyzmat edilişiniň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tohumçylyk işlerini talabalaýyk guramak, ekinlere ideg etmekde sebitleriň biokärhanalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, dokma senagaty üçin gymmatly çig mal hasaplanýan piläni öndürmek boýunça bellenilen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi.
Gurluşyk işlerini ýokary hilli we möhletinde tamamlamagyň zerurdygy barada aýdylyp, Ahal hem-de Daşoguz welaýatlarynda köpugurly hassahanalaryň, onkologiýa merkeziniň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklar berildi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde aýlaryň iň ýagşysy hasaplanýan mübärek Remezan aýynda paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde atasy Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berdi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, ýurdumyzda raýatlarymyzyň milli däplerimizi berjaý etmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigini, olaryň mukaddes ýerlere zyýarat edip, metjitlere baryp, dini dessurlarymyzy we adatlarymyzy berjaý edýändiklerini belledi.
20-nji aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi. Foruma sanly ulgam arkaly bu abraýly guramanyň daşary ýurtly agzalary hem gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl on iki ýyl dolýandygyny belledi. Häzirki döwürde bu abraýly halkara guramanyň ýurdumyzdan we dünýäniň 30-dan gowrak döwletinden 188 agzasy bar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilen bilelikde ahalteke bedewleriniň merkezleşdirilen tohumçylyk hasabatyny ýöretmegi, daşary ýurtlaryň atçylyk assosiasiýalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmegi, dünýäde arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we bu ugurda alnyp barylýan seçgi-tohumçylyk işlerini ylmy esasda öwrenmek boýunça zerur işleri geçirmegi, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilýän ylmy maslahatlary, duşuşyklary, medeni çäreleri, bedew bäsleşiklerini, sergileri we auksionlary guramagy hem-de olara gatnaşmagy, ahalteke bedewleriniň täze tohumçylyk nesil ugurlaryny döretmegi, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda halkara derejedäki atly sport bäsleşiklerini guramagy hem-de olara gatnaşmagy, dünýäniň arassa ganly ahalteke atlarynyň halkara «tohumçylyk kitabyny» döretmegi, daşary ýurtlarda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny guramagy, ahalteke atçylyk medeniýetini we sungatyny wagyz etmek üçin kitaplary taýýarlamagy hem-de sanly ulgam arkaly mahabat çärelerini geçirmegi, assosiasiýanyň agzalarynyň ahalteke atçylygyny ösdürmekde we giňden wagyz etmekde alyp barýan işlerini höweslendirmegi assosiasiýanyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Biz ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak hem-de dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli atşynaslyk mekdebiniň gadymy däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak ugrunda zerur işleri geçireris. Merdana halkymyzyň bu gadymy däplerini ýaş nesillerimize ýetirmek, olaryň behişdi bedewlere bolan söýgüsini artdyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda nygtady.
Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalary sanly ulgam arkaly döwlet Baştutanymyza iň ýokary döwlet wezipesindäki işlerinde, şeýle-de assosiasiýanyň abraýyny dünýäde has-da belende götermek, ahalteke bedewleriniň ajaýyp tohumlaryny gorap saklamak boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmekde egsilmez güýç-kuwwat arzuw etdiler.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň atşynaslaryna hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permanlara we geljek ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde assosiasiýanyň nobatdaky XIII mejlisini geçirmek baradaky Karara gol çekdi, şeýle-de assosiasiýanyň Müdiriýetiniň bu guramanyň düzümine türkmen we daşary ýurtly täze agzalary kabul etmek baradaky çözgütlerini tassyklady.
Foruma bagyşlanyp sergi guraldy. Onda şekillendiriş, amaly-haşam, haly we zergärçilik sungatynyň eserleri, ahalteke bedewlerine bagyşlanan fotosuratlar görkezildi.
Türkmen bedewiniň milli baýramy ýurdumyzda giňden bellenildi. Balkan welaýatynyň atçylyk sport toplumynda sungat ussatlarynyň konsertleri, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň behişdi bedewlere bagyşlanan eserleriniň sergileri guraldy.
At çapyşyklary günüň esasy wakasy boldy. Bu waka mynasybetli Balkan atçylyk sport toplumynda atşynaslar we sportuň bu görnüşiniň köp sanly janköýerleri ýygnandylar. Welaýatlardan hem-de Aşgabat şäherinden ýetginjek, uly ýaşly we halypa çapyksuwarlaryň arasyndaky 8 çapyşykda ahalteke bedewleri öz ýyndamlygyny we gaýtalanmajak gözelligini görkezdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny — ýeňil awtoulagy almak ugrundaky jemleýji çapyşykda halypa çapyksuwarlar güýç synanyşdylar. Baýramçylyk çapyşyklarynyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
23-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Hormatly Prezidentimize welaýatlaryň we paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň atşynaslarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan ahalteke bedewleri sowgat berildi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlardan baýramçylyga gatnaşýan hormatly ýaşululara, behişdi bedewleriň şöhratly taryhynyň dowam etdirilmegine uly goşant goşýan ähli atşynaslara minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry baýramçylyk dabaralarynyň ajaýyp pursatlarynyň biri boldy. Bu toplumyň Melebaş diýen aty 2022-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi hökmünde ykrar edildi. 2015-nji ýylda doglan ajaýyp bedew Gerdeniň we Ýelgamagyň nesli bolup, Gyrsakar diýen şöhratly atyň ugruna degişlidir. Onuň seýsine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýrak — «Lexus» kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok we diplom gowşuryldy.
Türkmen bedewiniň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, çaphana önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine hem döwlet Baştutanymyzyň adyndan baýraklar berildi.
24-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda esasy wakalar ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyza ýörite gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bu baýramçylykda hormatly myhman boldy.
Ikitaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Tatarystanyň döwlet Baştutanlary netijeli hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa, söwda-ykdysady ulgamlar, oba hojalyk pudagy, ylma esaslanýan ýokary tehnologiýalar, işewürlik hem-de telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle-de maşyn gurluşygy, nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda Tatarystanyň Prezidenti türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan türkmen alabaýyna ünsi çekdi. Dünýädäki meşhur tohumlaryň biri bolan alabaýlar biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini, özboluşly aýratynlygyny, häsiýetini hem-de eýesine wepalylygyny saklap geldi. Şunuň bilen baglylykda, myhman hormatly Prezidentimize Tatarystanda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgat beren Akdost atly alabaýynyň ýagdaýy barada gürrüň berdi.
Türkmenistanyň we Tatarystanyň Liderleri Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çäginde ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Bu ýerde görkezilen şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň esasy gahrymanlary deňsiz-taýsyz ahalteke atlarydyr. Estrada aýdymçylarynyň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda milli göreş boýunça ýaryşlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy myhmanlary begendirdi. Toparyň agzalary akrobatika we gimnastika tilsimlerini, bedewe erk etmek, çapyp barýan atyň üstünde dürli hereketleri ýerine ýetirmek bilen, tomaşaçylary haýran galdyrdylar.
Möwsümiň iň abraýly ýaryşynda — dürli aralyklara at çapyşyklarynda bedewleriň onlarçasy ýurdumyzyň ykdysady toplumlarynyň baýraklaryny almak ugrundaky bäsleşikde öz ýyndamlygyny görkezdiler. Jemleýji, ýedinji çapyşyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Akhan” diýen baş baýragyna hem-de göçme kubogyna eýe bolmak ugrunda dartgynly ýagdaýda geçdi.
Dabaralaryň çäklerinde baýramçylyk çapyşyklarynyň, şol hepdäniň dowamynda geçirilen uzak aralyga atly ýörişiň hem-de konkur boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolmagynyň dowamynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtly işewürler bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Şolaryň hatarynda “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenko, Ukrainanyň “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk we “Ýugneftegaz” kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiý bar. Duşuşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda dabaralar tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy boldy. Myhman Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi hem-de Arkadagymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady.
Duşuşygyň dowamynda häzirki zaman ýagdaýlary bilen baglylykda, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kemala gelmeginde döwletleriň hem-de halklaryň arasynda dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän parlament diplomatiýasynyň ösdürilmeginiň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi.
Prezident Rustam Minnihanow şu günki duşuşygyň türkmen-tatar dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýene bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy dürli jemgyýetçilik-medeni çärelere gatnaşmak üçin Tatarystan Respublikasyna gelip görmäge çagyrdy.
22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.
Milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyny pugtalandyrmak, ulag toplumynda ygtyýarlylandyrmak işini täzelemek, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, kuwwatly gurluşyk senagatyny kemala getirmek mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.
Mundan başga-da, «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşany taýýarlamak boýunça bäsleşigi geçirmek, maý aýynda meýilleşdirilen medeni çäreleriň maksatnamasy hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyşlary, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlygy barada habar berildi.
Mejlisde Aşgabat şäherine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berlendigi barada hem aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeleri bu daşary syýasy üstünlik bilen gutlap, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýandygyny nygtady. Ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Bu köpugurly we toplumlaýyn işde şäher hem-de oba ýerlerini tokaý zolaklaryna öwürmek aýratyn möhümdir. Türkmenistan bu ugurda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegi ulgamlaýyn esasda alyp barýar. Köp ýyllaryň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekildi. Ol ýurdumyzda aýratyn howa zolaklarynyň emele gelmegini üpjün etdi.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däplere eýerip, mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli ýurdumyzda iş kesilen 514 raýatyň günäsini geçmek barada Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň düzümini tassyklady, “Таджикская алюминиевая компания» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden alýumin önümlerini hem-de “John Deere” kompaniýasyndan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, şeýle-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda Kararlara, maliýe bazarlaryny dolandyrmagy (diňe gazna biržalarynyň işi) ygtyýarlylandyrmak bilen bagly Karara gol çekdi.
23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň çagyrmagy boýunça sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine (APWS) gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň sammitde eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti häzirki döwürde ählumumy ösüşiň we ilerlemegiň iň kuwwatly sebitleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Şoňa görä-de, degişlilikde, sebitiň döwletleriniň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Bu döwletleriň dünýäniň suw serişdelerini gorap saklamak hem-de peýdalanmak meselesine çemeleşmeleri umumy halkara durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda bilelikdäki işiň esasy şertiniň suw serişdelerine deň hem-de adalatly elýeterlilik ýörelgesine eýerilmelidigine, onuň adamyň esasy hukuklary hökmünde ykrar edilmelidigine ynam bildirip, munuň häzirki şertlerde — koronawirus pandemiýasynyň dünýä ykdysadyýetine düýpli zelel ýetiren, ählumumy azyk howpsuzlygyna zyýan beren, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga ýaramaz täsir eden wagtynda aýratyn möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň suw meselesi boýunça dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen maksatnamalaýyn resminamalar esasynda ysnyşykly hem-de yzygiderli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary anyk häsiýete eýedir hem-de adamlaryň hakyky islegleri, sebiti ösdürmegiň we hyzmatdaşlyk etmegiň maksatlary bilen baglydyr.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu ugurda milli derejedäki tagallalary barada hem durup geçdi. Gürrüň, hususan-da, Türkmenistanyň 2014-nji ýylda kabul edilen Suw hakynda kodeksi hem-de Garagum sährasynda özboluşly “Altyn asyr” emeli kölüniň döredilmegi barada barýar. Bu emeli suw howdanynyň — çylşyrymly gidrotehniki desganyň bina edilmegi möhüm ekologiýa, ykdysady we durmuş meselelerini üstünlikli çözmäge mümkinçilik berer. Türkmenistanda hem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde hem uzak möhletli ekologik abadançylygy üpjün etmegiň üstünde netijeli işlemäge şert döreder.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şular ýaly giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirip, biz suw meselesi boýunça halkara hyzmatdaşlyk milli derejede işlemegiň degişli kadalaryna berk esaslanmalydyr diýen ýörelgelerden ugur alýarys diýip nygtady.
Türkmenistan sammitiň gün tertibine girizilen maksatlary we wezipeleri doly goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu çäräniň jemleri boýunça kabul ediljek Jarnamanyň mundan beýläk-de maksada gönükdirilen, anyk halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin esas boljakdygyna ynam bildirdi.
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi.
Forumyň barşynda häzir Türkmenistanda döwlet hasabynda 1 müň 400-den gowrak taryhy we medeni desganyň bardygy, olaryň aglabasynyň arheologik ýadygärliklerdigi bellenildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda medeni gymmatlyklary gorap saklamaga gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk resminamalarynyň toplumy kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda”, “Muzeýler we muzeý işi hakynda”, “Gozgalýan medeni gymmatlyklary goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 8-nji aprelde geçirilen mejlisinde gol çeken “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” ünsi çekdiler. Duşuşykda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek we rejelemek boýunça milli müdirligi tarapyndan taýýarlanan “Türkmenistanyň gadymyýeti: ýadygärliklerdäki ylmy-barlag we rejeleýiş işleri” atly kitabyň tanyşdyrylyşy boldy.
Kitaba Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak we rejelemek boýunça 10 ýylyň dowamynda (2011 — 2021-nji ýyllar) arheologik ekspedisiýalara we taslamalara gatnaşan hünärmenleriň makalalary girizildi. Neşirde Türkmenistanyň eneolit döwründen orta asyrlara çenli maddy medeni mirasy giňişleýin beýan edilýär. Şol makalalaryň awtorlarynyň köpüsi halkara ylmy duşuşygyň umumy mejlisine sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Alymlaryň çykyşlarynda ýadygärlikleri gorap saklamaga ýardam berýän iň täze tehnologiýalary we enjamlary, şol sanda kartografiýa, desgalaryň 3D nusgalaryny döretmek babatda häzirki zaman barlag usullaryny ulanmak meselelerine üns çekildi. Çykyş edenler Türkmenistanyň arheologik obýektlerini goramak we gazuw-barlag işlerini geçirmek boýunça tejribe alyşdylar, halkara arheologik ugurly hyzmatdaşlyga degişli taryhy maglumatlary getirdiler. Şunda häzirki wagtda Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanylýan arheologik tapyndylar ýaly muzeý gymmatlyklarynyň dünýäniň köp muzeýlerinde duş gelmeýändigi nygtaldy.
23-nji aprelde Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde ÝUNESKO-nyň iri düzümleýin edaralarynda ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy. ÝUNESKO-nyň Medeni gymmatlyklaryň bikanun getirilmeginiň, äkidilmeginiň we eýeçilik hukugynyň geçirilmeginiň gadagan edilmegine hem-de öňüniň alynmagyna gönükdirilen çäreler baradaky Konwensiýasyny tassyklamak şu ýyl üçin meýilnamada esasy meseleleriň hatarynda kesgitlenildi.
Mundan başga-da, 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin “Adam we biosfera” maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda “Aram guşaklygyň Turan çölleri” atly köptaraply hödürnamanyň, “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly transmilli taslamanyň taýýarlanylandygy we iberilendigi bellenildi. Şeýle-de Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak hem-de ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny açmak meselelerine garaldy.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýetini, ahlak gymmatlyklaryny hem-de milli däp-dessurlaryny gorap saklaýan we geljege sary ynamly öňe barýan ýurtdugyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.