29.05 2022

Şu gün ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli birnäçe çäreler guraldy.

29.05 2022

28-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

27.05 2022

Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy, bu baýram mynasybetli geçirilýän «Arşyň nepisligi — türkmen halysy» atly türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXII mejlisiniň hem-de Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

27.05 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


27.05 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna dowam edýän toý saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde bina edilen lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň — köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

26.05 2022

Daşoguz welaýatyna toý sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. 

26.05 2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem öz beýanyny tapýar. Biz dünýä meşhur halylary dokaýan halyçylarymyzyň çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetine ýokary baha berýäris.

26.05 2022

Ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

26.05 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Daşoguz welaýatynda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça gorlary döretmek we pudagyň desgalaryny netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Baýjanow Güýzgeldä berk käýinç yglan edildi.

26.05 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady. Welaýatyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz aýdym-saz hem-de tans toparlarynyň ruhubelent çykyşlary bilen mähirli garşylanyldy.

1471 sahypa
Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy