Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary
Resmi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary
Çap edildi 26.05.2022
4233

Ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň medeni mirasyny, ruhy-medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny dikeltmek, gorap saklamak, ösdürmek, wagyz etmek we ony geljekki nesillerimize geçirmek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň netijesinde türkmen medeniýeti we sungaty dünýä derejesinde dabaralanýar. Köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, nesillerimize arkama-arka geçip gelýän milli el işlerimiz, halylarymyz, keçelerimiz, nepis keşdelerimiz ajaýyp sungat eserleri hökmünde dünýä ýaýylýar.

Häzirki wagtda türkmen halylarynyň gadymdan gelýän nusgalaryny aýawly saklamak, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň milli halyçylyk sungatyna bagyşlanan «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserleri Ýer ýüzünde el halylarynyň şöhratyny has-da belende galdyryp, halyçylar üçin egsilmez ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Türkmen halysy halkara sergilerde ençeme gezek görkezilip, dünýäniň görnükli muzeýleriniň törüniň bezegine öwrüldi. Bu günki gün ajaýyp haly gölleri Döwlet tugumyzy we Döwlet tugramyzy bezeýär. «Altyn asyr» halysy elde dokalan halylaryň dünýäde iň ulusy hökmünde ykrar edilip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Häzirki wagtda türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklarynyň başga-da birnäçesini bu sanawa girizmäge hödürlemek boýunça işler dowam etdirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň dünýä meşhur nepis el halylaryny döredýän çeper elli ussatlaryň sarpasy belentde tutulýar. Türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge, ony geljekki nesillere ýetirmäge, mukaddes Watanymyzyň şan-şöhratly ösüşlerini çeper elleriniň, uz barmaklarynyň döredýän haly gölleridir nagyşlarynyň üsti bilen dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşan ussat halyçylaryň biri-de Ogulgerek Berdimuhamedowadyr. Ol uzak ýyllaryň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň haly kärhanasynda birkemsiz zähmet çekip, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini iş tejribesinde ulanyp, nusgawy gölli we suratly halylary dokamakda ussatlygyny görkezen, eliniň çeperligi, zähmetsöýerligi bilen ýaşlara görüm-görelde görkezýän ussat halyçy hökmünde uly abraýa eýe boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmetini, hünär ussatlygyny, şeýle hem «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň teklipnamasyny göz öňünde tutup, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi karar edýär:

ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Milli 
Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy 
G.Mämmedowa.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 26-njy maýy.

Soňky habarlar
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
31.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
31.07
Döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda
30.07
Durnukly ykdysady ösüş — halkyň abadan durmuşynyň kepili
30.07
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýady pugtalandyrylýar
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
29.07
Halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy — giň gerimli wezipeleriň baş maksady
29.07
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
29.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy
top-arrow