27.06 2022

Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabaralar bilen giňden bellenildi.  

27.06 2022

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

26.06 2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy özgerişlere beslenýän tutumly işler alnyp barylýar. Döwletli Diýarymyzda milli medeniýetimiz we sungatymyz ösüşiň täze belentliklerine göterilip, jemgyýetiň agzybirligini we bitewüligini berkitmäge, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge uly ýardam berýär.

26.06 2022

Mary welaýatynda geçirilýän giň gerimli medeniýet baýramçylygy üstünlikli dowam edýär. Döredijilik forumynyň köpugurly maksatnamasyna laýyklykda, “Gadymy Merwe syýahat” atly çagalar surat bäsleşiginiň jemi jemlenildi, maşgala aýdym-saz toparlarynyň hem-de bagşylar öýüniň işini kämilleşdirmek, dutar we beýleki milli saz gurallaryny ýasamak boýunça usuly maslahat, konsert hem-de sergi geçirildi.

26.06 2022

Türkmen halky hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýertitreme zerarly heläkçilik çekenlere ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, goňşy döwletiň doganlyk halkyna azyk önümlerinden, dürli görnüşli dermanlyk we arassaçylyk serişdelerinden, köp mukdardaky hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik ýüküni iberdi. Ol Kabul şäherine ýetirildi.

26.06 2022

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

26.06 2022

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi.

25.06 2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahora we ýurduň ähli halkyna Sloweniýanyň milli baýramy – Döwlet güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

25.06 2022

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça, Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

25.06 2022

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp hem-de Owganystanyň

1471 sahypa
Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog