Gazagystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen gutlaýaryn.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Premýer-ministr Fumio Kisida hem-de Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Hiroýuki Hosoda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda, biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm ugry hökmünde welaýatlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Bu ugurda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynyň ägirt uly maksatlaryna gönükdirilen wajyp çäreler durmuşa geçirilýär.
Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde türkmen we fransuz hünärmenleriniň wideoduşuşygy geçirildi. Ol Fransiýanyň Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramak meselesine bagyşlandy. Onlaýn duşuşykda türkmen hünärmenleri, şol sanda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirligiň işgärleri Luwr muzeýiniň Gadymy Gündogar departamentiniň ylmy işgärleri bilen sergini guramagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Geçen aý halkara ähmiýetli wakalara baý bolup, onuň dowamynda Türkmenistan tarapyndan ýurdumyzda we daşary ýurtlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýän möhüm syýasy gepleşikler, işewürlik duşuşyklary, forumlardyr giň gerimli medeni dabaralar, sergiler, maslahatlar we beýleki çäreler guraldy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesinden boşatmaly.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Tailand Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!