Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideoduşuşyk
Medeniýet
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideoduşuşyk
Çap edildi 07.07.2022
2538

Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde türkmen we fransuz hünärmenleriniň wideoduşuşygy geçirildi. Ol Fransiýanyň Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramak meselesine bagyşlandy. Onlaýn duşuşykda türkmen hünärmenleri, şol sanda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirligiň işgärleri Luwr muzeýiniň Gadymy Gündogar departamentiniň ylmy işgärleri bilen sergini guramagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapynyň taýýarlan bu taslamasy we ony amala aşyrmagyň tapgyrlary bilen baglanyşykly konsepsiýasyna garaldy. Gepleşikleriň dowamynda sergini guramagyň ugurlary, ady, onda goýuljak gymmatlyklar boýunça pikir alyşmalar boldy. Parižiň Luwr muzeýinde guraljak sergide Türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda iş alyp barýan Ulugdepe ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan gymmatlyklar goýlar.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny, asylly däp-dessurlaryny, ruhy-ahlak ýörelgelerini öwrenmek we saklamak meselelerine möhüm üns berýändigi nygtaldy. Bu halkara çärä gatnaşanlaryň hatarynda arheolog, bioantropolog, Türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň ýolbaşçylarynyň biri, Ulugdepe ýadygärligindäki açyşlara bagyşlanan ylmy barlaglaryň awtory, doktor Hulio Bendezu-Sarmiýento hem bar. Medeni gymmatlyklar boýunça hünärmen, Luwruň gadymy dünýä bölüminiň işgäri Agnez Benua Aşgabatda arheologiýa boýunça geçirilen halkara ylmy maslahata gatnaşandygyny, bu serginiň ýurtlaryň muzeýleriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädime öwrüljekdigini hem-de muzeýiň ýolbaşçy düzümi tarapyndan zerur işleri guramak boýunça resminamalar toplumynyň taýýarlanylandygyny aýtdy.

Häzirki döwürde Türkmenistanda taryhy we medeni desgalaryň 1400-den gowragy döwletiň hasabynda durýar. Şolaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasaty esasynda Türkmenistan durnukly we sazlaşykly ösýän, parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde ykrar edildi. Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy özboluşlylygy bilen ýurdumyzy tutuş dünýä giňişligine tanadýar.

Dünýäniň abraýly muzeýleriniň biri bolan Parižiň Luwrunda bu serginiň guralmagy medeni-ynsanperwer ugurly türkmen-fransuz gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berer.

Soňky habarlar
18.08
Medeniýet täze taryhy döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň ruhy binýadydyr
17.08
Türkmenistanda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga berildi
17.08
Ulag ulgamyna degişli halkara forumyň netijeleri boýunça brifing
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Türkmenistanyň başlangyçlary ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar